Ekoulgamy dikeltmek boýunça BMG-niň onýyllygy başlandy

  • 06.06.2021 19:49
  • 3.5k+

5-nji iýunda bellenilen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň öňüsyrasynda BMG-niň Baş sekretary 2021-2030-njy ýyllar döwri üçin ekoulgamy dikeltmek boýunça BMG-niň onýyllygynyň başlanýandygyny mälim etdi. Antoniu Guterrişiň bellemegine görä, üçtaraplaýyn howpa — biodürlüligiň ýitip-ýok bolmagyna, klimatyň üýtgemegine we howanyň hapalanmagyna garamazdan, dünýä bileleşigi üçin entek planetanyň bioresurslarynyň üstüni doldurmaga wagt bar. Bu barada BMG-niň resmi internet saýtynda aýdylýar.

«Biz öz jemgyýetimiziň ýaşamagynyň bagly bolan ekoulgamyny tozdurýarys. Ýöne planetamyzda ägirt uly mümkinçilikler bar we oňa ýetirilen zyýanyň öwezini doldurmaga-da entek bizde wagt bar» — diýip, Baş sekretar aýdýar.  

Ekoulgamy dikeltmegiň onýyllygy howanyň ählumumy maýlamagyna, daşky gurşawyň hapalanmagyna we biodürlüligiň ýitip-ýok bolup gitmegine garşy göreşmek üçin zerur bolan syýasy, ylmy we ykdysady resurslary herekete getirmek boýunça ählumumy çagyryşdyr.  
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň şu hepdede çap eden maglumatlaryna görä, 2030-njy ýyla çenli ekoulgamy dikeltmek üçin her ýylky çykdajy 200 million dollara çenli bahalandyrylýar. Muňa garamazdan, onuň üçin maýa goýum hökmünde goýlan 1 dollar 30 dollara çenli ykdysady bähbit getirip biler.
BMG-de aýdylyşyna görä, örän çalt dikeldilmeli ekoulgamlaryň hataryna oba hojalygy üçin peýdalanylýan ýerler, tokaýlar, çemenlikler we sawannalar, daglar, torflar, gysylan suwlar, okeanlar, şeýle-de şäherleriň ekoulgamy girýär.


düýn 14:49
2.8k+

Jeff Bezos we Loren Sançes ekologiýa taýdan arassa matalary döretmek üçin 34 million dollar berdiler

Jeff Bezos we Loren Sançes poliesterdir pagta ýaly materiallaryň ornuny tutjak ekologiýa taýdan arassa önümleri işleýän ylmy merkezleri goldamak üçin 34 million dollar serişde goýberdiler....

08.05.2026 15:01
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň Halkara gatnaşyklary institutynda ýaşlar eko-kwesti geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ÝUNESKO-nyň «Parahatçylyk medeniýeti» kluby hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan bilelikde guralan «Ekologiýa......

18.04.2026 12:04
1.9k+

Biosensor guşlar ummanda simabyň paýlanyşynyň detallaýyn kartasyny döretmäge kömek etdiler

Ekologlaryň halkara topary 11 müňden gowrak deňiz guşunyň gan maglumatlaryny öwrenmegiň esasynda dünýä ummanlarynda zäherli simap birleşmeleriniň ýaýramagynyň detallaýyn kartasyny düzdi. Bu barada Nagoýa......

14.04.2026 16:09
5.2k+

Amyderýa goraghanasynda ýaşlar üçin iki günlük eko-syýahat guraldy

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda işjeň ýaşlar üçin iki günlük eko-syýahat guraldy. Çäre ekologik sowatlylygy ýokarlandyrmaga we tebigata aýawly çemeleşmek ukyplaryny kemala getirmäge gönükdirildi diýip,......