AnTuTu maý aýy üçin iň kuwwatly smartfonlaryň reýtingini düzdi

  • 08.06.2021 21:22
  • 8.3k+

AnTuTu bençmarkyny döredijiler programmalarynyň dokuzynjy wersiýasyny çykardylar hem-de iň kuwwatly smartfonlaryň täze reýtingini hödürlediler. Bu barada discover24.ru habar berýär.

Bu reýtingde birinji orny 12 Gb operatiw we 256 Gb içki ýady bolan Black Shark 4 Pro smartfony eýeledi. Ol synagda 830 022 bal gazandy. Ikinji we üçünji orunlarda 829 900 we 828 748 bal bilen Red Magic 6 Pro we OnePlus 9 Pro ýerleşdi.
Liderleriň üçlügindäki ähli smartfonlar Snapdragon 888 prosessoryna esaslanýarlar. Orta bahaly dewaýslaryň reýtinginde birinji orny Snapdragon 780G platformasyndaky Xiaomi Mi 11 Lite 5G enjamy eýeledi, onuň yzyndan Redmi 10X 5G (Dimensity 820) we Snapdragon 768G prosessorly IQOO Z3 ýerleşdi.
Şeýlelik bilen, reýtingleriň ikisinde-de Xiaomi-niň gurluşlary liderlik edýär, sebäbi Black Shark bu hytaý öndürijisiniň brendidir.

şu gün 15:13
749

Google Translate indi ulanyjylara sözleri dogry aýtmagy öwreder

Google Translate hyzmaty özüniň 20 ýyllygy mynasybetli uly täzelenme hödürledi. Hyzmat indi sözleri dogry aýtmagy öwreder....

düýn 23:55
1.2k+

Google: Kompaniýadaky kodlaryň 75 göterimini emeli aň ýazýar, emma karary inženerler berýär

Google-da täze ýazylýan kodlaryň takmynan 75 göterimi emeli aň gurallarynyň kömegi bilen döredilýär. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Sundar Piçaý «Cloud Next 2026» maslahatyna bagyşlanan blog ýazgyda habar......

düýn 18:53
1.6k+

Sony stol tennisinde hünärmenleri utmaga ukyply roboty döretdi

Sony kompaniýasy hünärmen türgenleriň derejesinde stol tennisini oýnamagy başaran Ace atly robot-manipulýatory tanyşdyrdy. Bu barada kompaniýanyň saýtyndaky metbugat beýanatynda we «Nature» žurnalynda çap......

29.04.2026 23:03
1.1k+

Bloomberg: Apple suratlary redaktirlemek üçin täze emeli aň funksiýalaryny taýýarlaýar

Apple kompaniýasy iPhone, iPad we Mac enjamlary üçin emeli aň arkaly täze surat redaktirleýiş funksiýalaryny ornaşdyrmaga taýýarlanýar. Bu barada Bloomberg çeşmelerine salgylanyp habar berýär. ...