Dawid Diop — «Buker» baýragynyň eýesi

  • 03.06.2021 19:05
  • 6.3k+

Beýik Britaniýada halkara «Buker» baýragynyň ýeňijisi yglan edilip, ony fransuz ýazyjysy Dawid Diop almagy başardy. Ol taryhda bu baýragy alan ilkinji fransuz ýazyjysydyr. Bu barada mir24 habar berýär.

Frère d'âme» (Mährem kalp) atly romany ýazyja bu meşhur baýragy almakda ýeňiş getirdi. Bu romanda awtor Birinji jahan urşy we kolonial agalyk ýyllary barada gürrüň berýär. Kitaby iňlis diline Anna Moskowakis terjime etdi we ol «At Night All Blood is Black» (Gije ähli gan gara) ady bilen çapdan çykdy. 50 müň funt sterling pul sylagy bu eseri döretmekde bitiren işine hormat hökmünde awtora hem-de terjimeçä deň paýlanyp berler.
Meşhur Buker baýragyna bu ýylda hödürlenen işleriň arasynda Mariýa Stepanowanyň, Erik Wýuýýaryň, Benhamin Labatutyň, Mariana Enrikesiň hem-de Olga Rawnyň iňlis diline terjime edilen eserleri bar.

şu gün 12:04
280

Biosensor guşlar ummanda simabyň paýlanyşynyň detallaýyn kartasyny döretmäge kömek etdiler

Ekologlaryň halkara topary 11 müňden gowrak deňiz guşunyň gan maglumatlaryny öwrenmegiň esasynda dünýä ummanlarynda zäherli simap birleşmeleriniň ýaýramagynyň detallaýyn kartasyny düzdi. Bu barada Nagoýa......

şu gün 11:57
453

Alymlar Şekspiriň Londondaky öýüni tapdylar

XVII asyra degişli tapylan karta Wilýam Şekspiriň Londondaky öýüniň ýerleşýän ýerini anyklamaga mümkinçilik berdi....

düýn 19:50
18k+

Ýol hereketiniň düzgün bozulmalaryna degişli täze kadalar 1-nji maýdan güýje girer

Türkmenistanyň Prezidenti Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekse üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky resminama gol çekdi. Resminama ýollarda birnäçe düzgün bozulmalary üçin jogapkärçiligiň......

düýn 18:32
2.4k+

Paramount «Call of Duty» oýnunyň esasynda düşüriljek filmiň çykjak wagtyny yglan etdi

Paramount kinokompaniýasy meşhur «Call of Duty» wideooýunlar seriýasynyň esasynda düşüriljek çeper filmiň çykjak senesini resmi taýdan mälim etdi. Filmi 2028-nji ýylyň 30-njy iýunynda çykarmak......