Werstappen Monako Gran Prisinde ýeňiji boldy

  • 25.05.2021 14:41
  • 5.4k+

Maks Werstappen ýekşenbe güni geçirilen Monako Gran Prisinde ýeňiş gazandy we karýerasynda ilkinji gezek "Formula 1-iň" sanawynda birinji orny eýeledi. Munuň özi onuň iň meşhur aýlawdaky ilkinji ýeňşi bolup durýar. Bu barada “Autoblog”-a salgylanyp, cursorinfo.co.il habar berýär.

Werstappen ýaryşa ikinji orundan başlady we Çarlz Leklerkiň mehaniki näsazlyk zerarly badalgadan ugrap bilmändigi sebäpli ýaryşy turuwbaşdan ele aldy. Ol Waltteri Bottasdan öňe geçip, möwsümdäki ikinji we karýerasyndaky 12-nji ýeňşini gazandy. “Red Bull”-yň sürüjisi "F1"-iň ýedi gezek çempiony Lýuis Hemiltony sanawda dört utuk tapawut bilen yzda galdyrdy.

“Bu master-klasdy we indi sen bu çempionatda öňde barýarsyň. Berekella, gardaş" diýip, "Red Bull" toparynyň ýolbaşçysy Kristian Horner pellehanadan geçip barýan Werstappene radioda gygyrdy.

“Mersedes” bolsa 2018-nji ýylda geçirilen Germaniýa Gran Prisinden bäri ilkinji gezek çempionatyň liderliginden aýryldy. Bu gezek Hemilton "Mersedes" topary üçin ýedinji orny eýeledi.


05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.4k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....