Aşgabadyň doganlaşan şäherleri kimler?

  • 20.05.2021 20:51
  • 37k+

Geň galýaňyzmy?! Hawa, şäherleriň, şol sanda, biziň paýtagtymyzyňam doganlary bar. Şäherleriň doganlaşmagy biraz düşnüksizräk bolsa gerek?!

Doganlaşan şäherler – bu birek-biregiň halklarynyň durmuşy, taryhy we medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen dürli ulgamlarda: medeniýetde, sportda, ylym-bilimde we beýleki ugurlarda hemişe hyzmatdaşlykda bolan iki şäherdir. Taraplaryň hyzmatdaşlyklarynyň çäklerinde medeniýet, sungat wekilleriniň birek-birekde dürli çykyşlary, teatr, kino eserleriniň görkezilişikleri, sport wekilçilikli toparlaryň gatnaşmagynda duşuşyklar, maslahatlar guralyp durulýar.
Taryha maglumatlara salgylansak, ilkinji doganlaşan şäherler Ikinji jahan urşunda weýran bolan Kowentri (Beýik Britaniýa) we Stalingrad (häzirki Wolgograd) şäherleridir. Iňlisler öz doganlaşan şäherlerine ýüzünde: «Ullakan gynançdan kiçijek kömek gowy» diýip ýazylan desterhany hem-de ýerli halkyň ýygnan goldaw serişdesini sowgat edýärler. Olara şol uruşda uly ejir çeken Dižon, Turin we Ottawa şäherleri goşulýarlar.
1957-nji ýylyň 28-nji aprelinde doganlaşan şäherleriň Bütindünýä guramasy döredilip, ol Fransiýanyň Eks-le-Ben şäherinde ýerleşýär. 1962-nji ýylda guramanyň teklibi bilen her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Bütindünýä doganlaşan şäherleriň gününi bellemek kararyna gelinýär.
Mermer şäherimiz Aşgabadyň hem dünýäniň dürli künjeklerinde doganlary – doganlaşan şäherleri bar. 1974-nji ýylda Mali döwletiniň paýtagty Bomako şäheri Aşgabadyň doganlyk şäheri bolýar. 1990-njy ýylda bolsa şeýle gatnaşyklar ABŞ-nyň Albukerke şäheri bilen ýola goýulýar.
Paýtagtymyzyň doganlaşan şäherleriniň arasynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäheri esasy orunda dur. Bu şäher bilen Aşgabat 2017-nji ýylda «doganlaşdy». Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäheri, Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäheripaýtagtymyzyň doganlaşan şäherleridir. Şonuň ýaly-da, dürli ýyllarda Aşgabat Türkiýäniň paýtagty Ankara, Hytaýyň Lançjou şäheri, Gresiýanyň paýtagty Afiny we Ukraina Respublikasynyň baş şäheri Kiýew bilen doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýdy.
Garaşsyz Diýarymyzyň paýtagtynyň doganlaşan şäherleriniň sanawy ýyl geldikçe artýar.

şu gün 12:06
562

Gemini «Google Kartalaryň» ähli hereket režimlerinde elýeterli boldy

Google «Google Kartalarda» ýöriteleşdirilen täze nawigasiýa ulgamyny giňden ornaşdyryp başlady. Indi goşundy awtoulag, pyýada, welosiped hem-de şäher jemgyýetçilik ulag ugruny görkezýän ähli režimlerde emeli aň tehnologiýasy Gemini-ni ulanar diýip, 9to5Google ýazýar...

şu gün 12:02
623

Chanel Şanhaýda ilkinji jemgyýetçilik kitaphanasyny açdy

Chanel Modalar öýi Şanhaýda häzirki zaman sungatyna bagyşlanan ilkinji jemgyýetçilik kitaphanasy bolan Espace Gabrielle Chanel-i açdy. Bu barada Hypebeast žurnaly habar berýär. 18 müň inedördül fut meýdany bolan bu giňişlik Power Station of Art muzeýiniň üçünji gatynda ýerleşýär we onda 50 müňden gowrak kitap hem-de audio neşir bar...

şu gün 11:55
1.3k+

1609-njy ýylyň ispan altyn teňňesi auksionda rekord mukdara satyldy

1609-njy ýylda Ispaniýanyň patyşasy Filipp III üçin zikgelenen ispan altyn teňňesi Şweýsariýadaky auksionda rekord 3,49 mln dollara satyldy. Ol Ýewropada iň gymmat satylan teňňe boldy diýip, Reuters ýazýar. Onuň başlangyç bahasy 2,46 mln dollardy...

şu gün 11:48
285

Google Android üçin Chrome-a wkladkalary berkitmek funksiýasyny goşdy

Google kompaniýasy Android üçin Chrome mobil brauzerinde wkladkalary berkitmek funksiýasyny synagdan geçirmäge başlady. Möhüm wkladkalary tötänleýin ýapmagy kynlaşdyrýan bu mümkinçilik, Chrome Canary-iň ilkinji synag gurluşynda eýýäm standart görnüşde elýeterlidir...