Çarlz Oliweýra ýeňil agramda UFC-niň täze çempiony boldy

  • 16.05.2021 13:11
  • 13k+

Braziliýaly Çarlz Oliweýra UFC-262 turniriniň esasy söweşinde amerikaly Maýkl Çendlerden üstün çykdy.

Oliweýra Çendleri ikinji raundda nokauta gidirdi we ýeňil agramda UFC-niň çempiony boldy. Bu titul rus söweşijisi Habib Nurmagomedow karýerasyny tamamlandan soň, boş diýlip kabul edildi.
Çendler ozalky söweşini 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda UFC 257 turnirinde geçirdi. Şonda ol birinji raundda tehniki nokaut bilen Den Hukeri ýeňdi.
Oliweýra mundan öň 2020-nji ýylyň dekabr aýynda UFC 256 turnirinde oktagona çykyp, eminleriň biragyzdan ses bermegi netijesinde Toni Fergýusony ýeňdi. 31 ýaşly Oliweýranyň hasabynda 31 ýeňiş we 8 ýeňliş, 35 ýaşly Çendleriň hasabynda bolsa 22 ýeňiş we 6 ýeňliş bar.

düýn 23:43
4.7k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 20:10
6.4k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......