Toyota Motor-yň girdejisi 2020-nji maliýe ýylynda 10% ýokarlandy

  • 13.05.2021 20:06
  • 5.5k+

Ýaponiýanyň öňdebaryjy awtomobil konserni bolan Toyota Motor-yň 2020-nji maliýe ýylynyň jemi boýunça (2020-nji ýylyň aprel aýy – 2021-nji ýylyň mart aýy) arassa girdejisi 10,3%, ýagny 2,25 trln iýena çenli ($20,6 mlrd) ýokarlandy. Bu barada kompaniýanyň maliýe hasabatynda aýdylýar diýip, TASS belleýär.

Korporasiýanyň degişli döwürde operasion girdejisi 8,4%, ýagny 2,2 trln iýena çenli ($20,2 mlrd) azaldy. Girdejiniň ösüşi geçen ýyl koronawirus pandemiýasyndan soň satuwyň dikelmegi sebäpli ýüze çykdy. Toyota Motor 2022-nji ýylyň mart aýynda tamamlanýan häzirki maliýe ýylynda girdejiniň 2,4% derejesinde, ýagny 2,3 trln iýena çenli ($21,1 mlrd) ýokarlanjakdygyny çaklaýar.
Ýapon awtokonserni 2020-nji ýylda tutuş dünýäde 9,53 milliondan gowrak awtomobil satyp, beýleki kompaniýalaryň arasynda bu görkeziji boýunça lider boldy we bäş ýylyň içinde ilkinji gezek esasy bäsdeşi bolan nemes konserni Volkswagen-den öňe geçdi.
Pandemiýanyň ýaramaz täsirine we zawodlaryň işiniň togtadylmagyna garamazdan, Toyota Motor ýylyň ahyryna çenli önümçiligi kompaniýanyň taryhynda rekord derejä çykardy. Bu pandemiýa sebäpli ýüze çykan kynçylyklardan soň beýleki ýurtlara garanda çalt dikelýän Hytaýda islegiň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr.
Toyota-nyň Ýewropadaky satuwy dünýäniň beýleki sebitleri bilen deňeşdirilende, az zyýan çekdi. Umuman alanyňda, ýewropa ýurtlarynda konsern 960 müň töweregi awtomobil satdy, bu 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 8,5% azdyr.

düýn 23:24
591

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

düýn 23:03
457

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

düýn 09:33
5.6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

12.05.2026 19:02
1.4k+

Elektrikli BMW iX3 benzinli X3 M50-den has arzan we kuwwatly boldy

BMW-niň Amerikan bölümi ABŞ-nyň bazary üçin täze BMW iX3 50 xDrive elektrokrossoweriniň esasy aýratynlyklaryny mälim etdi. Modeliň iň uly artykmaçlyklarynyň biri - geçip bilýän aralygy boldy. EPA-nyň baha......