Türkmen wekiliýeti Hytaýyň Sian şäherine gulluk iş saparyny amala aşyrýar

  • 10.05.2021 13:09
  • 16k+

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de «Merkezi Aziýa — Hytaý» döwletleriniň daşary işler ministrleriniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin, ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary 2021-nji ýylyň 9 — 12-nji maýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen, hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň ýolbaşçylary bellenildi.

şu gün 14:01
80

Aşgabat ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girdi

7-nji dekabrda şäher häkimliginde Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilendigi baradaky güwänamany gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu barada çözgüt 4-nji dekabrda kabul edildi...

şu gün 13:52
298

Serdar Berdimuhamedow Hökümet ýolbaşçylaryny we diplomatlary ýubileý medaly bilen sylaglady

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Karara gol çekdi. Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny...

şu gün 13:36
615

Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny ýubileý medaly bilen sylaglady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi...

şu gün 13:30
456

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatik gulluklary maliýeleşdirmek hakynda karara gol çekdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda Karara gol çekdi. Bu resminama Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek we olaryň öz üstüne ýüklenilen wezipelerini netijeli ýerine ýetirmegini üpjün etmek maksady bilen kabul edildi...