Geofizikler Gyzyl deňziň ýaşyny kesgitlediler

  • 08.05.2021 14:07
  • 10k+

Geofizikler Gyzyl deňziň ozal pikir edilişinden iki esse gadymydygyny anykladylar. Täze maglumatlar deňiz basseýniniň we Gyzyl deňiz riftiniň tutuş uzynlygy boýunça umman gabygynyň emele gelmeginiň 13 mln ýyl mundan ozal başlandygyny görkezýär. Gözleg işiniň netijeleri “Nature Communications” žurnalynda ýerleşdirildi. Bu barada RIA Nowosti belleýär.

Geologiki nukdaýnazardan, Gyzyl deňiz örän ýaş diýlip hasaplanýardy. Ol Afrika we Arap litosfera plitalarynyň serhedindäki rift zolagynda ýerleşýär. Geologiki modeller wagtyň geçmegi bilen bu plitalaryň bölünip aýrylmagy netijesinde, Gyzyl deňziň ýerinde düzümi we fiziki häsiýetleri bilen kontinental gabykdan tapawutlanýan özboluşly umman gabygy bilen täze bir ummanyň emele geljekdigini görkezýär.
Täze dörän umman gabygynyň Gyzyl deňziň düýbünde näçeräk bardygyny häli-häzire çenli kesgitlemek başartmandy, sebäbi düýbüniň galyň duz gatlaklary we çökündiler bilen örtülendigi üçin, hatda basseýniň merkezinde-de oňa göni gözegçilik etmek mümkin däl.
Patyşa Abdulla adyndaky Ylmy-tehnologiýa uniwersitetiniň saud gözlegçileri Germaniýadaky we Islandiýadaky kärdeşleri bilen bilelikde deňiz düýbüniň jikme-jik kartasyny dartylma güýji we seýsmiki maglumatlar bilen birleşdirip, ilkinji gezek Gyzyl deňziň düýbünde umman gabygynyň çykýan ýerini kesgitlediler.
Gyzyl deňiz wulkanly adaty ýaş ummanyň sada geologiki gurluşyne eýe eken. Täze model Gyzyl deňiz basseýniniň jaýryklaryň işjeň ulgamy, suwasty wulkan kraterleri ýaly käbir gurluş aýratynlyklaryny has gowy düşündirmäge, şeýle-de onuň emele gelip başlamagynyň has takyk senesini kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Gözlegçileriň pikiriçe, Gyzyl deňiz ýaş däl-de, ýaşy 13 mln ýyl töweregi bolan belli bir derejede ösen umman basseýnidir.

şu gün 10:53
1.4k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
3.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:53
4.5k+

Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ozal näbelli şäheri tapyldy

Halkara arheologlar topary Meksikanyň günortasyndaky Kampeçe ştatynda ýerleşýän Kalakmul biosfera goraghanasynda ozal näbelli bolan maýýa şäherini ýüze çykardy. «Minanbe» diýlip atlandyrylan bu şäher sebitiň......

düýn 23:37
3.9k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......