Ýagsyzlandyrylan önümleriň howpy hakynda kelam agyz

  • 27.04.2021 14:35
  • 9.2k+

Berhiz lukmany, gastroenterolog Nuria Dianowa az ýagly iýmitleriň howpy hakynda aýtdy. Ol käbir önümleri ýaglylygy pes diýip, çakyňy bilmän iýibermeli däldigini duýdurdy. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Az ýagly ýa-da ýagsyzlandyrylan iýmitler köp mukdarda iýilende, adamyň aşa düşmegi hem mümkindir, bu bolsa öz gezeginde beloklaryň, doýgun ýaglaryň, senagat trans ýaglarynyň we ýönekeý uglewodlaryň köpelmegine sebäp bolar.
Lukman ýagy aýrylanda, önümiň tagamyny we goýulygyny ýitirip biljekdigini we munuň öwezini dolmak üçin oňa goşundylaryň goşulyp bilinýändigini aýtdy. Ýagsyzlandyrylan iýmitleriň düzüminde şeker, duz, krahmal we tagam berijiler bolýar. Lukman goşundyly iýmitleri yzygiderli iýmegiň saglyga ýaramaz täsir edýändigini we onuň agramy ýokarlanýandygyny duýdurdy. Şonuň üçin hem senagat taýdan mümkin boldugyça az gaýtadan işlenen hem-de orta ýagly önümleri iýmäge çalyşmaly diýip, hünärmen maslahat berýär.

düýn 23:49
223

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....