Bananlar howply kesel sebäpli dünýäde doly ýitip-ýok bolup biler

  • 18.04.2021 14:29
  • 28k+

«Die Welt» neşiriniň pikiriçe, bananlara häzir giňden ýaýran ýokançlyk bolan toprak kömelekleriniň ýaýramagy sebäpli ýitip-ýok bolmak howpy abanýar. Bu kömelekleri hatda himiki maddalar bilen hem ýok etmek kyn diýip, msn.com habar berýär.

Tropical Race 4 (TR4) kömelek keseli ilkinji gezek 2019-njy ýylda dünýäni banan bilen esasy üpjün ediji sebitde - Günorta Amerikada ýüze çykaryldy. Toprak kömelegi şeýle bir çalt ýaýrady welin, Kolumbiýada we Gondurasda köp plantasiýalar ýok edilmeli boldy.  Ýokançlygyň köwşüň aşagyna ýelmeşmek arkaly ýaýraýandygy bellärliklidir, şonuň üçin ol täze ýerleri eýeläp, aňsatlyk bilen ýaýraýar. Eýýäm ýokuşan ýerler bolsa 40 ýyllap meliorasiýa üçin ýaramsyz bolup galýar.
Neşiriň bellemegine görä, bu kesel esasan Kawendiş görnüşine täsir edýär. Bu görnüş bolsa dünýädäki banan söwdasynyň 95% -ni tutýar.

şu gün 10:04
2.3k+

A23a aýsbergi dünýäde iň uly aýsberg adyny ýitirdi

A23a aýsberginiň meýdany soňky üç aýda 22%, 1370 inedördül kilometre çenli azaldy. Netijede, ol dünýäde iň uly aýsberg adyny ýitirdi. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-gözleg instituty habar berdi. Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, indi täze iň uly aýsberg diýlip meýdany 3071 inedördül kilometr bolan D15A hasaplanýar...

şu gün 09:57
915

Samsung üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň gutusyny açyp görkezdi

Samsung ýakynda hödürlenen we häzirlikçe diňe Günorta Koreýada satmagy meýilleşdirilýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň gutusyny açyp görkezýän resmi wideo bilen paýlaşdy. Model, takmynan, 2500 dollar bilen bahalandyryldy...

düýn 17:42
2.1k+

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Maugli» spektakly görkeziler

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Maugli» spektaklynyň premýerasy taýýarlanylýar – ol 12-nji dekabrda görkeziler. Bu sahna oýny iňlis ýazyjysy Redýard Kiplingiň adybir eseriniň esasynda goýuldy. Spektakl tomaşaçylara dünýäniň nusgawy eserleriniň teatr hepdeliginiň çäginde görkeziler...

düýn 17:28
2.1k+

Tarantino “Billiň kastynda” filminiň animasion prikwelini surata düşürmegi meýilleşdirýär

Režissýor Kwentin Tarantino “Billiň kastynda” («Убить Билла») dulogiýasynyň baş gahrymanynyň animasiýalaşdyrylan gelip çykyşyny döretmek we "Billiň nädip Bill bolandygyny" açmak isleýändigini aýtdy. Ol bu barada Los-Anjelesde geçen “Ýukiniň ar alşy” («Месть Юки») atly gysga metražly filminiň ýörite görkezilişinde aýtdy diýip, Entertainment Weekly habar berýär...