Ajy şokoladyň uly ýaşly adamlara peýdasy ýüze çykaryldy

  • 13.04.2021 13:54
  • 13k+

Alymlar dürli iýmitleriň saglyga ýetirýän peýdalaryny ýüze çykarmagyny dowam etdirýärler. Bu gezek geçirilen barlagyň netijesinde, gara şokoladyň uly ýaşly adamlaryň saglygyna oňyn täsiri ýüze çykaryldy diýip, pcnews.ru habar berýär.

Ylmy işe 50 ýaşdan 64 ýaş aralygyndaky 50 müň meýletinçi gatnaşdy. Barlagçylar olardan bir aýyň dowamynda hepdede alty gezek 30 gram gara şokolad iýmegi haýyş etdiler. Bu önümi yzygiderli sarp etmegiň akyl ýetirme ukybyny ýokarlandyrýandygy anyklanyldy.
Mundan başga-da, ajy şokolad diňe garrylar üçin däl, eýsem, türgenler üçinem peýdalydyr. Ýagny günde, takmynan, 10 gram gara şokolad iýmek çydamlylygyň ýokarlanmagyna getirýär we welosiped sürýänleriň pedaly aýlama tizligine täsir edýär.

16.05.2026 18:05
4.9k+

Allergolog: çybynyň çakmagyna eşigiň reňki-de sebäp bolup bilýär

Çybynlar özüne pida saýlanlarynda birnäçe biologik aýratynlyklara seredýärler. Bu mör-möjekleri adamlaryň gan topary, beden gyzgynlygy, çykarýan kömürturşy gazy we hatda geýen geýminiň reňki hem özüne çekip......

14.05.2026 16:32
1.8k+

Alymlar düwnüge garşy göreşde immun reaksiýasyny ýokarlandyrmagyň usulyny tapdylar

Hytaýly, ýewropaly we kanadaly halkara alymlar topary ýönekeý organiki birleşmäniň — sitrakon kislotasynyň — immun öýjükleriniň işjeňligini dikeldip we olaryň rak keseline garşy göreşijilik ukybyny......

13.05.2026 23:49
1.2k+

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
3.1k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......