iPhone 12 şu ýylyň başynda dünýäde iň köp satylan smartfon

  • 13.04.2021 11:59
  • 11k+

«Counterpoint Technology Market Research-iň» analitikleri şu ýylyň başynda dünýädäki satuwlaryň esasynda öňe saýlanan iň meşhur on smartfon hakynda belläp geçdiler. Bu barada msn.com habar berdi.

Bellemeli zat, ilkinji onluga Amerikanyň Apple korporasiýasynyň birbada alty sany «iPhone» modeli girdi. Netijede, 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda dünýäde iň köp satylan smartfon «iPhone 12» boldy. Ondan soň «iPhone 12 Pro Max», üçünji ýerde bolsa «iPhone 12 Pro» orun aldy. Bu modeller dünýädäki satuwlaryň 15%-ini emele getirdiler.
Iň meşhur «Android» smartfony Redmi 9A bolup, ol reýtingde bäşinji setirden orun ady. Iň köp satylan enjamlaryň ilkinji onlugynyň ahyrky setirinde geçen ýyl çykan «iPhone SE» ýerleşdi.
Hünärmenler bu ýyl 5G smartfonlaryna bolan islegiň hatda 5G ulgamynyň işlemeýän ýurtlarynda-da artjakdygyna ynanýarlar.

şu gün 11:57
2.3k+

Synaglar Samsung Galaxy S26 Ultra-daky ownuk çyzyklaryň asla görünmeýändigini görkezdi

Meşhur bloger JerryRigEverything täze wideosynda Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonynyň çydamlylyk synaglaryny çykardy. Ol mundan ozal enjamyň içki gurluşyny görkezipdi, indi bolsa durnuklylyk boýunça standart testleri geçirdi...

şu gün 10:07
2.1k+

«Ultra-kaşaň şeýle bolmaly»: Dreame altyn we brilliantlar bilen bezelen smartfonlary hödürleýär

Öý hojalyk tehnikalaryna ýöriteleşen Hytaýyň Dreame kompaniýasy ykjam gurluşlaryň bazaryna çykanyndan soň, «Appliance Consumer Electronics Expo» (AWE 2026) sergisinde mega-gymmat we kaşaň smartfonlaryny görkezdi...

düýn 18:43
1.1k+

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi brendi bilen soňky birnäçe ýylda ilkinji noutbugyny tanyşdyrdy

Xiaomi kompaniýasy täze Xiaomi Book Pro 14 modeliniň tizer suratlaryny hödürledi. Bu kompaniýanyň 2023-nji ýylyň ahyrynda Xiaomi Book 14 modeli çykany bäri Xiaomi brendli ilkinji noutbugy boldy. Täze önüm ýakynda Hytaýda tanyşdyrylar...

düýn 11:30
1k+

Apple kompaniýasy iPhone, iPad we Mac üçin täze emojileri taýýarlaýar

Apple kompaniýasy işläp düzüjiler üçin niýetlenen iOS 26.4, iPadOS 26.4 we macOS Tahoe 26.4 beta-wersiýalaryna sekiz sany täze emoji goşdy. Bu barada MacRumors neşiri habar berýär. Täze simwollaryň arasynda trombon, hazyna sandygy, çişen ýüz keşbi, ýeti (gar adam), uruş buludy, kosatka (kit), ýer opurylmagy, şeýle hem balet tansçysy peýda boldy...