Russiýada haýwanlar üçin COVID-19-a garşy dünýäde ilkinji sanjym hasaba alyndy

  • 02.04.2021 19:13
  • 9.2k+

Tüýlek haýwanlarda, itlerde we pişiklerde koronawirus ýokanjynyň öňüni almak üçin niýetlenen dünýäde ilkinji sanjym Russiýada hasaba alyndy diýlip, Rosselhoznadzoryň garamagyndaky weterinariýa we fitosanitar gözegçilik gullugynyň saýtynda habar berilýär. Muny vedomosti.ru ýetirýär.

Derman serişdesi «Karniwak-Kow» adyny aldy. Ol Rosselhoznadzoryň garamagyndaky «Haýwanlaryň saglygyny goramagyň federal merkezi» tarapyndan işlenip düzüldi we itlerde, pişiklerde, norkalarda, tilkilerde we beýleki haýwanlarda synagdan geçirildi. Rosselhoznadzoryň başlygynyň orunbasary Konstantin Sawenkowyň bellemegine görä, synaglaryň netijeleri dermanyň howpsuzdygyny görkezdi. Netijede, sanjym edilen haýwanlaryň 100%-inde antibedenjikler peýda boldy.

«Bu sanjym haýwanlar üçin COVID-19-a garşy dünýäde ilkinji we häzirki wagtda ýeke-täk öňüni alyş derman serişdesidir. Eýýäm aprel aýynda sanjymyň köpçülikleýin önümçiligi ýurduň haýwan saglygyny goramagyň federal merkeziniň haýwanlary üçin derman serişdelerini öndürmek boýunça iň uly platformasynyň esasynda işe girizilip bilner» – diýip, Sawenkow belledi.

Rus sanjymyna eýýäm beýleki ýurtlar, şol sanda Gresiýa, Polşa, Awstriýa, şeýle-de ABŞ, Kanada we Singapur gyzyklanma bildirýär.

düýn 23:49
219

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....