Nokia aprel aýynda täze smartfonlaryny hödürlär

  • 18.03.2021 21:38
  • 16k+

Nokia 8-nji aprelde täze smartfonlarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirer diýip, ixbt.com habar berýär. 

Bu çärede haýsy smartfonlaryň hödürlenjekdigi heniz belli däl. Ýöne brendiň ilkinji oýun smartfony – Nokia G10 anons ediler diýlip çaklanylýar. Bu enjamyň täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan 6,4 dýuýmlyk PureDisplay ekrana, 8 ýadroly Snapdragon 775G prosessoryna, 48 Mp datçikli kwadro-kamera we 5000 mA/sag akkumulýatora eýe bolmagyna garaşylýar.
Mundan başga-da, çärede azyndan iki sany Nokia smartfony görkezilip bilner: Nokia X10 we Nokia X20. Nokia X20 6 GB operatiw ýat we 128 GB hemişelik ýat bilen Qualcomm Snapdragon 480 5G prosessoryna esaslanar diýlip çaklanylýar.
Nokia X10 bolsa 6 GB operatiw ýat we 32 GB hemişelik ýat bilen ýaşyl hem-de ak reňklerde elýeterli bolar. Nokia X20 we Nokia X10 5G ulgamyny göterer.

şu gün 17:02
585

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

düýn 22:44
4.2k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

düýn 08:37
6.6k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.7k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......