«Awatar» ýene-de taryhda iň köp girdeji gazanan film boldy

  • 16.03.2021 14:20
  • 11k+

“Awatar” ýene-de kino taryhynda iň köp girdeji gazanan film boldy. Anna güni Jeýms Kemeronyň filmi Hytaýda gaýtadan prokata çykdy we şenbe güni agşam 8,9 million dollar gazanyp, dünýädäki umumy girdejisini 2,798,579,794 dollara ýetirdi. Bu barada kinopoisk.ru habar berdi.

Ozal bu rekord "Ar alyjylar" filminiň dördünji bölümine degişlidi. 2019-njy ýylda "Marvel"-iň blokbasteri dünýäde 2,797,501,328 dollar gazandy.
"Deadline" “Awatar”-yň şu ýyl hepdäniň ahyrynda Hytaý prokatynda sanawyň başyny çeken ilkinji daşary ýurt filmi bolandygyny habar berdi. Umuman alanyňda, gaýtadan goýberilen reliz "Disneýe" 58 million dollar töweregi girdeji getirip biler.
Kameron häzirki wagtda dört sikwel meýilleşdirýär: “Awatar 2” 2022-nji ýylda, “Awatar 3” 2024-nji ýylda, “Awatar 4” 2026-njy ýylda, “Awatar 5” 2028-nji ýylda çykar.

düýn 23:12
1.7k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
3.1k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1.2k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
967

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......