Sesleri elektrik toguna öwürmegiň usuly tapyldy

  • 16.03.2021 08:54
  • 9.1k+

Akademik Korolýow adyndaky Samara milli barlag uniwersitetiniň alymlary elektrik gurluşlarynyň sesini elektrik toguna öwürmegiň usulyny tapdylar. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Hünärmenler ýörite mikroelektrik stansiýasyny döretdiler. Şeýle gurnama demir ýol lokomotiwleriniň, deňiz gämileriniň ýa-da porşen kompressorlaryň hereketlendiriji ulgamlarynyň işleýiş ulgamlaryna ýerleşdirilip bilner. Ol ses tolkunlarynyň energiýasyny elektrik toguna öwürmek pikirine esaslanýar. Alymlar eýýäm mikroelektrik stansiýasynyň prototipini düzdüler. Uzynlygy üç metre golaý polipropilen turbadan durýar. Onuň içinde elektrik generatory bilen herekete getirýän turbina ýerleşýär. Turbanyň bir ujuna ses çeşmesi berkidilýär (synaglaryň dowamynda subwoofer). Ses titremeleri turbinany aýlaýar.
Synaglar 20 watt töweregi sesiň 13 müň aýlawda turbinany öwrüp biljekdigini görkezdi. Munuň özi 2 watt töweregi elektrik almaga mümkinçilik berýär.

düýn 22:24
1.6k+

Türkmenistanyň ýaş startapçylarynyň bäsleşiginiň jemleri jemlenildi

Türkmenistanda «Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy» atly ýaş innowatorlaryň bäsleşigi tamamlandy. Ol tehnologiýa, ylym we telekeçilik dünýäsinde özlerini görkezmäge taýýar mekdep okuwçylaryny, talyplary we ýaş mugallymlary birleşdirdi...

düýn 20:51
3.5k+

Garynjalarda agalygy eýelemegiň täsin taktikasy ýüze çykaryldy

Ýaponiýaly alymlar garynjanyň käbir görnüşleriniň başga koloniýalary eýelemek üçin ulanýan täsin mehanizmini ýüze çykardylar. Görnüşine görä, käbir korolewa-basyp alyjylar himiki ýaragy ulanyp, işçi garynjlary aldaw bilen öz urugbaşyny ýok etmäge mejbur edýärler we onuň ýerini eýeleýärler...

düýn 10:29
2.2k+

Seagate-iň täze magnit diski 55–69 TB-lyk HDD döretmäge ýol açýar

Seagate bir çeýe diskde (HDD) saklama möçberiniň çäklerini giňeltmegini dowam etdirýär. Kompaniýa laboratoriýa şertlerinde her bir plastinkada 6,9 TB-lyk uly göwrümi gazandy. Bu bolsa 55-den 69 TB göwrümli çeýe diskleri (HDD) döretmäge mümkinçilik berýär diýip, IT Home habar berýär...

28.11.2025 11:42
2.3k+

Amazon ilkinji müşderiler üçin öz hemra internetine elýeterliligi açdy

Amazon ilkinji korporatiw müşderiler üçin öz Amazon Leo (öň Project Kuiper) hemra internetine çäkli elýeterliligi berdi. Bu barada kompaniýanyň saýtynda habar berilýär. Şol bir wagtyň özünde internet ägirdi Amazon Leo Ultra hemra antennasyny hödürledi...