Holliwud Kino tankytçylary birleşigi geçen ýylyň iň gowy filmini saýlady

  • 13.03.2021 17:10
  • 10k+

Režissýor Emirald Fennelliň «Umyt berýän ýaş zenan» (Promising Young Woman) filmi Holliwud Kino tankytçylary birleşiginiň (HCA) garaýşy boýunça 2020-nji ýylyň iň gowy filmi diýen ada eýe boldy. Bu barada cursorinfo.co.il habar berdi.
Tankytçylar filmiň ssenariýasynyň özboluşly hem gowy ýazylandygyny bellediler. Filmiň baş gahrymany Keri Malligan iň gowy aktrisa hökmünde baýrak aldy.
Aýry-aýrylykda «Çarwalaryň ýurdy» (Nomadland) filmi üçin Hloýa Çžao, «Metalyň sesi» (Sound of Metal) filmi üçin Darius Marder iň oňat režissýor hökmünde baýrak aldylar (HCA erkek we zenan režissýorlara aýratynlykda baýrak gowşurýar).
Holliwud Kino tankytçylary birleşiginiň baýragy “Altyn globus” we “Oskar” bilen deňeşdirilende, gaty ýaş. Ol kino pudagyndaky şahsyýetleriň dürli nukdaýnazaryny goldamak maksady bilen, ýaňy bir 2016-njy ýylda döredildi.

 

düýn 15:42
2.6k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....

24.04.2026 16:14
2.1k+

Aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy

«The Last of Us» we «Narko» seriallary boýunça meöhur bolan aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy. Bu barada ol özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda habar berdi....

23.04.2026 11:43
3.6k+

Başyna çalma, egnine kimono geýen Günbatar Gündogara meňzäp barýar

Moda industriýasynda gündogar äheňlerindäki trendiň («oriental-core») meşhurlygy barha artyp barýar. Günbatar brendleriniň Aziýa we Ýakyn Gündogar medeniýetini durky-düýrmegi, matalarydyr nagyşlary bilen öz......

16.04.2026 22:53
1.8k+

Zendeýa On brendi bilen başdan-aýak eşik toplumyny çykardy

Meşhur aktrisa Zendeýa we On sport brendi bilelikde taýýarlan täze eşik we aýakgap kolleksiýasyny tanyşdyrdylar. WWD olaryň 16-njy aprele satuwa çykaryljakdygyny habar berýär....