Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň birinji oýunlarynyň netijeleri

  • 12.03.2021 08:16
  • 13k+

Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň merkezi duşuşygynyň ilkinji oýnunda «Mançester Ýunaýted» «Milan» bilen deňme-deň oýnady — 1:1. Duşuşygyň 50-nji minudynda ilkinji pökgini iňlis klubunyň oýunçysy Amad Diallo geçirdi. Duşuşyga goşmaça goşulan ikinji minutda bolsa «Milanyň» goragçysy Simon Kýer hasaby deňledi.

Ugurdaş oýunda başga bir iňlis kluby «Arsenal» Gresiýanyň «Olimpiakosyny» 3:1 hasabynda ýeňdi. Iňlis klubundan Martin Edegor (34), Gabriel (79) we Mohammed el-Nenni (85), grek klubundan bolsa Ýussef El-Arabi (58) tapawutlanmagy başardy.
Ýaryşyň beýleki oýunlarynda «Aýaks» (Niderlandlar) öz meýdançasynda uly hasap bilen şweýsariýaly «Ýang Boýzy» (3:0), ispan «Granadasy» norwegiýaly «Moldeni» (2:0), iňlis «Tottenhemi» zagreb «Dinamosyny» (2:0), italýan «Romasy» bolsa ukrain «Şahtýoryny» (3:0) ýeňdi. Kiýewiň «Dinamosy» öz meýdançasynda Unai Emeriniň «Willarrealyndan» utuldy (0:2). Çeh «Slawiýasy» we şotlandiýaly «Reýnjers» deňme-deň oýnadylar (1:1).
Toparlaryň arasyndaky jogap oýunlary 18-nji we 19-njy martda geçiriler.

şu gün 17:01
876

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

şu gün 14:17
2.9k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

düýn 22:41
5.9k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

düýn 14:40
3.7k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......