Russiýada möhletinden öň pensiýa çykmak düzgünlerine üýtgeşmeler girizildi

  • 12.03.2021 07:46
  • 17k+

Russiýada mugallym, lukman, uçarman we ýangyn söndüriji ýaly kärleriň eýeleri üçin möhletinden öň pensiýa çykmak düzgünleri ýönekeýleşdirildi. Degişli resminama RF-iň Hökümet Baştutany Mihail Mişustin gol çekdi. Bu barada lenta.ru ýetirýär.

Resminamada bellenilişi ýaly, bu kärdäki adamlaryň zähmet stažyna okuw hem-de goşmaça hünär bilim alan döwri hem goşular. Hökümetde nygtaýyşlary ýaly, şol döwürde işgärleriň iş orunlaryny we zähmet haklaryny saklap galmagy, iş berijileriň bolsa, şol döwür üçin pensiýa ätiýaçlandyrmasyna hökmany salgytlary geçirip durmagy zerurdyr.
Mundan öň, lukmanlaryň we mugallymlaryň zähmet stažyna diňe işlän döwri, zähmete wagtlaýyn ukypsyzlyk döwri, her ýylky we goşmaça zähmet rugsatlary, göwreli zenanyň işe girişmek döwri degişli edilýärdi.

şu gün 11:07
494

Stiç 2025-nji ýylda Disney-iň iň şowly çykan gahrymany boldy

«Lilo we Stiç» franşizasynda başga planetadan gelen Stiç 2025-nji ýylda Disney-iň esasy maliýe üstünligi boldy. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär. «Lilo we Stiç» multfilminiň remeýki dünýä prokatynda 1,04 mlrd dollardan gowrak ýygnap, ýylyň iň köp girdeji gazanan taslamalarynyň biri boldy...

şu gün 10:05
3.6k+

BAE-de geçirilen Täze ýyl dron şüweleňi Ginnesiň rekordyny goýdy

Birleşen Arap Emirlikleriniň Ras-el-Haýma şäherinde Täze ýyl gijesi Ginnesiň täze rekordy hasaba alyndy. Bu ýerde dronlaryň kömegi bilen howada mifiki jandaryň iň göwrümli şekili görkezildi. 2026-njy ýylyň gelmegi mynasybetli emirlikde 15 minutlyk dron we feýerwerk şüweleňi geçirildi...

düýn 15:58
4.8k+

Arheologlar Wezuwiniň külüniň aşagynda gömlüp galan willada täze kaşaň freskalary tapdylar

Arheologlar meşhur Pompeý şäheriniň golaýyndaky gadymy Oplontisde ýerleşýän Poppeýa willasyndan tapylan täze tapyndylar barada habar berdiler. Tapylan freskalar we binagärlik detallary biziň eýýamymyzdan öňki I asyryň Rim elitasynyň öz derejesini we inçe tagamyny görkezmek üçin sungatdan nähili peýdalanandygyna has gowy düşünmäge kömek edýär...

düýn 12:24
4.5k+

Apple 2025-nji ýylda 25 sany enjamynyň we aksessuarynyň önümçiligini bes etdi

Apple kompaniýasy 2025-nji ýylda 25 sany enjamynyň we aksessuarynyň önümçiligini bes etdi. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, käbir modeller önümçilikden doly aýryldy, beýlekileri bolsa täze nesil wersiýalary bilen çalşyryldy...