"Google Translate"-de lukmançylyk görkezmeleriniň terjimesi howply bolup çykdy

  • 10.03.2021 14:47
  • 11k+

Täze barlag «Google Translate»-iň lukmançylyga degişli görkezmeleri terjime etmek üçin henizem laýyk däldigini görkezdi. Terjimeler köplenç halatda nädogry, hatda howply bolup çykdy diýip, pcnews.ru habar berdi.

Barlagyň awtorlarynyň belleýşi ýaly, näsagyň gan suwuklandyryjyny wagtynda içmezligi ýa-da tersine, aşa köp içmegi üçin bir ýalňyşlyk ýeterlikdir. Bularyň hemmesi iň soňunda adamyň tiz kömek ulagynda äkidilmegi bilen tamamlanyp biler.
ABŞ-nyň federal kanunlary lukmançylyk edaralaryndan iňlisçe gürlemeýän hassalar üçin görkezmeleriň terjime edilip berilmegini talap edýär. Emma iş ýüzünde hassahanalar köplenç zerur bolanlara beýle terjimeleri hödürläp barmaýarlar. Şunuň ýaly-da lukmanlar, köplenç, “Google Translate”-den peýdalanýarlar.
Gözlegiň awtorlary gaýragoýulmasyz kömek bölüminiň "Google Translate" tarapyndan ýedi dile terjime edilen 400 görkezmesine baha berdiler. Terjimäniň takyklygy 80% -den geçdi. Bu-da erbet däl, ýöne görkezmeleriň takyklygy dilden-dile üýtgedi. Mundan başga-da, terjimeçi howply ýalňyşlyklar goýberýär. Elbetde, käwagt terjime gaty gülkünç hem çykýar diýip, çeşme belleýär.

düýn 11:31
2.9k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.7k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......