Türkmenistanda «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

  • 03.03.2021 19:46
  • 26k+

2-nji martda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşige Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilen deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolup, döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanan dürli kärdäki zenanlaryň 42-si gatnaşdy.

Bäsleşik ýedi ugur boýunça geçirildi. Netijeler şulardan ybarat:
«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin» diýen ugur boýunça gatnaşyp, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 23-nji «Dostluk» çagalar bakja-bagynyň usulçy-terbiýeçisi Gülaýym Myhmanowa «Ýylyň işewür zenany»;
«Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýänligi we kämilleşdirýänligi üçin» diýen ugur boýunça Aşgabat şäheriniň 45-nji orta mekdebiniň gurnak mugallymy Mährijemal Bereketowa «Ýylyň çeper elli zenany»;
«Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklarymyzy we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin» diýen ugur boýunça Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Durdy Gylyç adyndaky geňeşligindäki II Diregli oba medeniýet öýüniň saz ýolbaşçysy Merjen Manadowa «Ýylyň sungatda işjeň zenany»;

«Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin» diýen ugur boýunça Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap köpugurly hassahanasynyň Yzgant oba saglyk merkeziniň maşgala şepagat uýasy Aýsoltan Merdangeldiýewa «Ýylyň mährem zenany»;
«Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» diýen ugur boýunça Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň psihology Nabat Nurgeldiýewa «Ýylyň watançy zenany»;
«Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» diýen ugur boýunça Balkan welaýatynyň Bereket etrap hassahanasynyň reanimasiýa bölüminiň kiçi saglygy goraýyş işgäri Merjen Gurbantaganowa «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany»;
«Ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugur boýunça Mary welaýatynyň Mary etrabyndan telekeçi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň ýanyndaky Işewür zenanlaryň merkeziniň başlygy Aýhan Rejepowa «Ýylyň telekeçi zenany».

«Ýylyň zenany» bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji bolmagy başaran zenanlara Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

şu gün 16:35
2.1k+

Gülgüne reňkli ýaprak çekirtge bolup çykdy: Panamanyň jeňňellerinde duş gelýän adaty bolmadyk kamuflýaž

Panamanyň tropiki tokaýlarynda edilen açyş alymlary tebigatyň tanyş maskirowka mehanizmlerini täzeden gözden geçirmäge mejbur etdi. Adatça hemme zadyň ýaşyl reňkde bolýan ýerinde birden açyk gülgüne "ýaprak"......

şu gün 16:22
2.8k+

Tramp Maýamide özüniň gökdirän kitaphanasynyň taslamasyny hödürledi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Maýami şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän prezident kitaphanasynyň we muzeýiniň taslamasyny tanyşdyrdy. Emeli aňyň kömegi bilen döredilen suratlar we wideo onuň «Truth Social»......

şu gün 15:50
1.7k+

Netflix Ronaldinýo barada serial çykarar

Netflix striming platformasy ähli döwürleriň iň beýik futbolçylarynyň biri bolan braziliýaly Ronaldinýo barada dokumental serial taýýarlaýar. Bu barada kompaniýa özüniň sosial ulgamynda habar berdi....

şu gün 15:46
992

18 müňden saýlananlar: «Memorial Maria Luisa Awards 2026» baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

«Memorial Maria Luisa Awards 2026» halkara bäsleşiginiň eminler topary ýeňijileri mälim etdi. Şu ýyl 36-njy gezek geçirilýän bu bäsleşik tebigat, daglar we başdan geçirmeler mowzugyndaky suratlara bagyşlandy....