Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy

  • 03.03.2021 18:35
  • 7.9k+

Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy.

Ýurdumyzyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 6-njy fewralda badalga alan bu möhüm syýasy çäräniň çäklerinde welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde dalaşgärler ara alnyp maslahatlaşyldy, olaryň sany çäklendirilen däldir. Mejlise gatnaşyjylaryň her biri dalaşgärlige hödürlenilýänler hakynda teklip girizmäge, ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşmaga, olary goldamaga ýa-da ret etmäge, hut özüni hem dalaşgär hökmünde hödürlemek üçin ara alyp maslahatlaşylmagyny teklip etmäge bolan hukuklaryndan kanuna laýyklykda peýdalandylar.
Dalaşgärleri bellige almak çäresi 7-nji martda tamamlanar.
2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna häzirki wagta çenli Ahal welaýaty boýunça 20 dalaşgär, Balkan welaýaty boýunça bolsa 21 dalaşgär bellige alyndy.

şu gün 15:26
361

Türkmenistanyň Adalat ministrligi hukuk namalarynyň «Adalat» elektron toplumyna elýeterliligi giňeltdi

Türkmenistanyň Adalat ministrligi ýurduň kadalaşdyryjy hukuk namalary baradaky maglumatlary, olara girizilen soňky üýtgetmeleri we goşmaçalary özünde jemleýän «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyny işläp düzdi...

şu gün 15:20
180

Keýt Winslet "Ýüzükleriň hökümdary" filmindäki "Gollumyň awynda" surata düşer

Britaniýaly aktrisa Keýt Winslet ("Titanik", "Okyjy") "Ýüzükleriň hökümdary" äleminde täze taslama bolan "Gollumyň awynda" surata düşer. Bu barada Deadline neşiri habar berdi. “Oskar” baýragynyň eýesiniň haýsy keşbi ýerine ýetirjegi heniz tassyklanmady...

şu gün 15:02
214

Yandex Lew Tolstoýyň golýazmalaryny sanly ulgama geçirer, onda ýazyjynyň sesini-de diňläp bolar

Yandex kompaniýasy we «L.N.Tolstoýyň mirasy» halkara gaznasy beýik ýazyjynyň doglan gününiň 200 ýyllygynyň öňüsyrasynda hyzmatdaşlyk baglaşdylar. Kompaniýa gaznanyň esasy sanly hyzmatdaşy bolar we nusgawy ýazyjynyň edebi mirasyny gorap saklamaga ýakyndan gatnaşar...

şu gün 13:16
1.6k+

Gylyksyz adamlar bilen gatnaşmak tiz garradýar

Ýaramaz gylykly adamlar bilen gatnaşmak biologiki garramagy, takmynan, 1,5% çaltlaşdyryp biler. Amerikan alymlary şeýle netijä geldiler, olaryň bu ugurda geçiren ylmy barlagy PNAS portalynda çap edildi. Barlagçylar 2300-den gowrak adamyň maglumatlaryny öwrendiler...