Lukman iki hepdäniň i­çinde nädip horlanmal­ydygyny aýtdy

  • 21.02.2021 23:59
  • 33k+

Berhiz lukmany Olga B­urlakowa surnukdyryjy­ berhiz tutmazdan ­iki hepdäniň dowamynd­a nädip horlanmalydyg­yny aýtdy. Munuň üçin­ käbir ýönekeý düzgünleri ber­jaý etmeli diýip, fer­ra.ru habar berdi.

Bu usul, hususan-da, ­ýeterlik mukdarda suw­ içmekden ybarat. Ýag­ny bedeniň bir kilogr­amy üçin 30 millilitr­ suw içmeli. Lukman s­uwy nahardan öň we on­y kabul etmegiň arasynda içmek iň­ gowusy diýýär. Ýogsa­m, suw aşgazan şiresini has bulaşdyryp biler. ­Bu bolsa iýmit siňdir­işe ýaramaz täsir edý­är.
Hünärmen hamyrmaýa çö­reginiň we süýt önüml­eriniň sarp edilmegin­i çäklendirmegiň hem ­zerurdygyny nygtady.
Horlanmak üçin iýmiti­ň düzüminde haýwan pr­oteinini, esasanam, e­ti azaltmaly. Lukman ­towugy balyk bilen, ş­eýle hem noýbanyň, no­hudyň we merjimegiň d­üzüminde köp duş gelý­än ösümlik belogy bil­en gezekleşdirmegi ma­slahat berdi. Iýmitiň­ düzüminde miweler we­ gök önümler bolmaly.­

"Şu düzgünleri berjaý etseňiz, ­iki hepdäniň içinde, ­takmynan, bäş-sekiz k­ilogram horlanyp bile­rsiňiz" -diýip, Burla­kowa belledi.

28.06.2025 13:15
7.5k+

ABŞ-da ilkinji gezek döş kapasasyny açmazdan, robot arkaly ýürek oturdyldy

ABŞ-da ilkinji gezek döş kapasasyny açmazdan robot arkaly ýürek oturtmak operasiýasy geçirildi. Bu operasiýa ABŞ-nyň Hýuston şäherindäki Baylor St. Luke’s lukmançylyk merkezinde geçirildi. Täze ýürek agyr ýürek ýetmezçiligi bilen kesellän 45 ýaşly erkek adama oturdyldy...

27.06.2025 19:10
9.5k+

Bekhem 2002-nji ýylda oýun wagtynda alan şikesi üçin operasiýa geçirdi

Beýik Britaniýanyň futbol boýunça ýygyndysynyň öňki oýunçysy Dewid Bekhem 22 ýyl mundan ozal alan şikesiniň netijesinde bileginde operasiýa geçirmeli boldy. Bu barada britan metbugaty, şol sanda The Sun gazeti habar berýär...

27.06.2025 17:46
3.3k+

ABŞ-da sütün öýjüklerini oturtmak arkaly hassasynyň görüşini bölekleýin dikeltmek başartdy

Kaliforniýanyň 28 ýaşly ýaşaýjysy Nik Harufehiň görüşini sütün öýjüklerini oturtmak arkaly bölekleýin dikeltmek başartdy diýip, Daily Mail neşiri habar berýär. Harufeh bäş ýyl ozal ABŞ-nyň Garaşsyzlyk baýramçylygynda şikes alypdyr...

26.06.2025 14:27
5.4k+

Süýji keseline we semizlige garşy ýokary täsirli dermanlaryň täze synpy - “madda-15” döredildi

Awstraliýanyň we Ýewropanyň molekulýar biologlary süýji keseline we semizlige garşy, ganda glýukozanyň derejesini peseldýän we iýmit siňdiriş bilen bagly meseleleri ýa-da etiňi ýitirmek ýaly zyýanly täsirleri bolmazdan agramy azaldýan dermanlar toparyny döretdiler...