Ulagdan ýüz öwren britanlara pul tölener

  • 21.02.2021 23:28
  • 16k+

Birleşen Korollygyň hökümeti daşky gurşawy has hapalaýan awtomobilleriň eýelerine ulaglaryndan ýüz öwrüp, jemgyýetçilik ulaglaryndan, welosipedlerden, elektroskuterlerden, karşeringden ýa-da taksiden peýdalansalar, 3 müň funt sterling (4,2 müň dollar) töläp başlar diýip, “The Times” gazeti habar berdi. Muny TASS agentligi ýetirýär.

Ýollardaky dykyny azaltmak we howanyň hilini gowulandyrmak boýunça hökümet tarapyndan goldanýan sürüji maksatnamasy şu ýazda Kowentri şäherinde başlar. Töleg degişlilikde, 2016-njy we 2006-njy ýyla çenli konweýerden çykan dizel we benzin hereketlendirijileri bolan awtomobilleriň eýelerine hödürlener. Maksatnama iki ýyl üçin niýetlenip, möhlet tamamlanandan soň onuň netijeliligine baha berler.
Birleşen Korollygyň ulag ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende, britaniýalylar hususy awtomobilleri 11% köp ulanyp başladylar.
Welosiped we pyýada hereketi meselesi boýunça haýyr-sahawat guramasynyň başlygy Ksawýe Braýsyň aýtmagyna görä, Beýik Britaniýada her ýyl ýurduň ykdysadyýetine milliardlarça dollara düşýän kömürturşy gaz zyňyndylarynyň göwrümine iň uly goşant awtomobilçileriň paýyna düşýär.

düýn 18:23
4.1k+

Togg türk markasy Mýunhen awtosalonynda Tesla Model 3-üň bäsdeşini hödürledi

Türkiýäniň Togg kompaniýasy Mýunhen awtosalonynda täze T10F elektrik liftbegini hödürledi. Bu markanyň T10X krossowerinden soň ikinji modeli boldy. Öndüriji Ýewropa bazaryna çykýandygyny habar berdi: modelleriň ikisi-de sentýabrda Germaniýada satuwa çykar...

düýn 18:19
1.9k+

Porsche taryhda iň kuwwatly 911 Turbo S sportkaryny hödürledi

Porsche öndürijisi 992.2 indeksi bilen iň kuwwatly täzelenen 911 Turbo S sportkaryny hödürledi. Esasy üýtgeşme hereketlendirijiniň kuwwatynyň ýokarlanmagy boldy, şeýle-de awtomobiliň daşky görnüşinde käbir täzelenmeler peýda boldy...

düýn 18:15
1.8k+

ABŞ-da Tesla elektromobilleriniň paýy 38%-e çenli azaldy. Bu 2017-nji ýyldan bäri iň ýaramaz görkeziji

2025-nji ýylyň awgustynda ABŞ-nyň elektromobil bazarynda Tesla-nyň paýy 38%-e çenli azaldy. Reuters tarapyndan hödürlenen Cox Automotive kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, bu kompaniýanyň görkezijileriniň 2017-nji ýylyň oktýabryndan bäri ilkinji gezek 40%-den aşak düşmegi boldy...

düýn 17:52
1.5k+

Jaguar Land Rover güýçli kiberhüjüm sebäpli günde 5 mln funt sterling ýitirýär

Britaniýanyň Jaguar Land Rover awtoöndürijisi awgustyň ahyrynda bolan kiberhüjümden soň işini doly dikeldip bilenok. Kompaniýa hakerleriň käbir maglumatlara elýeterli bolandygyny habar berdi diýip, Bloomberg we BBC ýazýar...