Microsoft kompaniýasy Office 2021-i resmi taýdan tanyşdyrdy

  • 20.02.2021 16:22
  • 4.3k+

Microsoft kompaniýasy Office-iň iki resmi wersiýasyny - sarp edijiler üçin Office 2021-i we işewürlik üçin Office LTSC-ni resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu barada news.rambler.ru habar berdi.

Täze programma üpjünçiligi şu ýylyň ahyrynda Windows we macOS üçin elýeterli bolar. Täzelikleriň möhüm aýratynlygy - olary abuna ýazylmazdan ulanyp bolýandygynda diýip, çeşme belleýär.
Kompaniýa Office 2021-iň aýratynlyklaryny we üýtgeşmelerini doly açyp görkezmedi, ýöne Office LTSC-iň garaňky režim, dinamiki massiwler we beýleki täzelikler üçin goldaw aljakdygy mälimdir. Şeýle bolansoň, ulanyjy interfeýsinde çynlakaý üýtgeşmelere garaşylmasa hem bolar.
Office LTSC indi ýedi däl-de, diňe bäş ýyl ulanylar. Office Professional Plus we Office Standard üçin işewürlik bahalary 10% ýokarlanar. Office 2021-iň sarp ediji wersiýasynyň bahasy öňküligine galar.

şu gün 18:49
337

Milli mirasymyzyň düýni, şu güni we ertiri: «Miras» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bu neşir türkmen halkynyň ruhy we taryhy mirasyny öwrenmek boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijeleri bilen tanyşdyrmagyny dowam edýär...

şu gün 15:13
735

Google soňky birnäçe ýylda ilkinji gezek Android-de ses gözleginiň interfeýsini üýtgedýär

Google kompaniýasy Android-de ses arkaly gözlegiň interfeýsini tapgyrlaýyn täzelemäge başlady. Bu soňky birnäçe ýylda ilkinji uly üýtgeşme boldy: indi dört nokatdan ybarat adaty animasiýanyň deregine ulanyjylara has döwrebap we sazlap bolýan dizaýn hödürlenýär...

şu gün 11:56
2.5k+

«Arassa zeminiň ýyldyzy»: Şri-Lankada 3,5 müň karat agramly iň uly ýakut daşy görkezildi

Şri-Lankada 3 563 karat agramly, ýyldyz öwüşginini berýän dünýäde iň uly benewşe ýakut daşy görkezildi. Hünärmenleriň hasaplamalary boýunça, onuň bahasy 300-400 mln dollara barabar diýip, Associated Press habar berýär...

şu gün 10:50
1k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...