Alymlar önelgesizligiň ýene bir sebäbini ýüze çykardylar

  • 19.02.2021 16:02
  • 24k+

Hytaýly alymlar hapa howanyň önelgesizlige düýpli derejede täsir edýändigini anykladylar. Olaryň bu babatdaky gözlegleri “Environment International” neşirinde çap edildi diýip, ferra.ru habar berdi.

Bu barlag Pekin uniwersitetiniň üçünji hassahanasynyň reproduktiw lukmançylyk merkeziniň alymlary tarapyndan geçirildi. Olar göwrelilige ýetip bilmeýän jübütleriň, takmynan, 30%-iniň düşündirip bolmajak häsiýetli önelgesizliginiň bardygyny bellediler. Olaryň pikiriçe, bu keseliň beýleki faktorlarynyň arasynda daşky gurşawyň hapalanmagy hem bolup biler.
Barlag 12 aýlap hapa howaly ýerde ýaşan aýallaryň arassa howaly ýerlerde ýaşanlar bilen deňeşdirilende, önelgesizlik ähtimallygynyň 20% ýokarlanandygyny ýüze çykardy.

düýn 23:45
792

Täze barlag tohum itleriniň üçden iki böleginiň gadymy möjek genlerini göterýändigini görkezdi

Amerikaly alymlar tarapyndan geçirilen täze barlag itleriň häzirki zaman tohumlarynyň gadymy möjek genleriniň az, ýöne ähmiýetli mukdaryny saklap galandygyny görkezýär. Miras galan DNK bölekleriniň itleriň fiziki aýratynlyklaryna we özüni alyp barşyna, şol sanda bedeniniň ululygyna, ys alşyna we häsiýet aýratynlyklaryna täsir edipdir diýip, ScienceDaily ýazýar...

düýn 12:29
2.9k+

Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde utgaşykly görnüşde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Emeli aňyň milli tehnologiýalary – Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň innowasion guraly» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi...

04.12.2025 23:54
1.4k+

Google 2027-nji ýylda maglumat merkezlerini kosmosda gurup başlar

Google eýýäm 2027-nji ýylda kosmos giňişliginde maglumat merkezleriniň gurluşygyna başlamagy meýilleşdirýär. Suncatcher atly taslama köp energiýa sarp edýän maglumat merkezlerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin Gün energiýasyny has netijeli ulanmagy maksat edinýär diýip, Google-yň baş direktory Sundar Piçai habar berdi...

04.12.2025 15:34
1.5k+

Alymlar yslary beýnä ultrases arkaly geçirmegi öwrendiler

Inženerler we barlagçylar topary ilkinji gezek ys alyş ukybyna jogap berýän merkeze gönükdirilen ultrasesiň kömegi bilen adamlarda yslary – mysal üçin, “arassa howa” ýa-da “ýanan odun” ýaly duýgulary döredip bildiler...