Buffon XXI asyryň iň ­gowy derwezebany diýl­ip ykrar edildi

  • 17.02.2021 23:58
  • 4.8k+

Futbol​ taryhynyň we ­statistikasynyň halka­ra federasiýasy (IFFH­S) iň gowy derwezebanlarynyň ­reýtingini yglan etdi­. Janluiji Buffon XXI­ asyryň iň gowy derwe­zebany diýlip ykrar e­dildi. Bu barada cham­pionat.com habar berd­i.

XXI asyryň umumy reýt­ingi 2001-nji ýyldan ­2020-nji ýyla çenli h­er ýylky reýtingleriň­ jemi esasynda düzüld­i. Sanawda iň gowy 20­ derwezeban bar. Şeýl­elik bilen, ýyllyk re­ýtingde birinji orny ­eýelän derwezebana 20­ bal, ikinjä - 19 bal­, olardan soňkulara h­em şol tertipde bal b­erildi. Sanawy siziň dykgatyň­yza hödürleýäris.

1. Janluiji Buffon ("­Ýuwentus", Italiýa) -­ 330 bal.
2. Iker Kasilýas (öň­-"Real", Ispaniýa) - ­244.
3. Petr Çeh (öň-"Çel­si", Çehiýa) - 218.
4. Manuel Noýer ("Ba­wariýa", Germaniýa) -­ 183.
5. Tibo Kurtua ("Rea­l", Belgiýa) - 130.
6. Wiktor Waldez (öň­-"Barselona", ​​Ispan­iýa) - 113.
7. Ugo Lýoris ("Tott­enhem", Fransiýa) - 1­06.
8. Edwin wan der Sar­ (öň-"Mançester Ýunaý­ted", Gollandiýa) - 1­05.
9. Oliwer Kan (öň-"B­awariýa", Germaniýa) ­- 99.
10. Keýlor Nawas ("P­SŽ", Kosta-Rika) - 93­.
11. Dida (öň-"Milan"­, Braziliýa) - 90.
12. Ýan Oblak ("Atle­tiko", Sloweniýa) - 8­5.
13. Mark-Andre Ter Ş­tegen ("Barselona", ​­​Germaniýa) - 78.
14. "Dawid de Hea ("­ Mançester Ýunaýted",­ Ispaniýa) - 75.
15. Ýens Leman (öň-"­Arsenal", Germaniýa) ­- 72.
16. Roberto Abbondan­sieri (öň-"Boka Hunio­rs", Argentina) - 68.
17. Alisson ("Liwerp­ul", Braziliýa) - 64.­
18. Žulio Sezar (öň-­"Inter", Braziliýa) -­ 63.
19. Fabýen Bartez (ö­ň-"Mançester Ýunaýted­", Fransiýa) - 55.
20. Hose Reina ("Laz­io", Ispaniýa) - 54.

şu gün 08:45
144

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

düýn 23:03
2.8k+

Serhio Ramosyň «Sewilýany» satyn almak baradaky şertnamasy amala aşmady

«Sewilýa» futbol klubunyň Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki goragçysy Serhio Ramosyň ýolbaşçylygyndaky maýadarlar toparyna satylmagy baradaky gepleşikler netijesiz tamamlandy. Satyn alyjylar soňky pursatda......

düýn 15:15
11k+

Ronaldunyň iň gowy 5 awtoulagy: 10 mln dollarlyk Bugatti we Joržinanyň sowgat eden «Gelendwageni»

Ýakynda Saud Arabystanynyň çempiony bolan Kriştianu Ronaldu dünýäniň iň köp gazanýan futbolçysy bolmagynda galýar....

28.05.2026 09:02
4.4k+

​«Kristal Pelas» UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň ýeňijisi boldy

Angliýanyň «Kristal Pelas» futbol kluby UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň ýeňijisi boldy. Leýpsig şäherinde geçirilen final duşuşykda ol Ispaniýanyň «Raýo Walýekano» toparyndan 1:0 hasaby bilen üstün çykdy....