Geçen ýylda elektrokarlaryň dünýä boýunça satuwy 39% artdy

  • 10.02.2021 23:20
  • 5.1k+

Canalys analitik kompaniýasynyň hünärmenleriniň hasaplamalaryna görä, 2020-nji ýylda dünýäde 3,1 mln nusga elektrokar satyldy. Bu 2019-njy ýylyň görkezijisinden 39 % ýokarydyr diýip, carsweek.ru belleýär.

Şeýlelik bilen, elektromobilleriň paýy geçen ýyl satylan täze ýolagçy ulaglarynyň umumy göwrüminiň 4,7%-ini emele getirdi. Şol bir wagtyň özünde ýolagçy ulaglarynyň bazary 14 % pese gaçdy. Koronawirus pandemiýasy we girizilen çäklendirmeler sebäpli, köp awtoulag zawodlary işini wagtlaýyn togtatmaga mejbur boldular.
Canalys analitikleriniň çaklamasy boýunça, 2028-nji ýylda batareýa awtoulaglarynyň satuw görkezijisi 30 million birlige çenli ýokarlanyp biler. Ýene iki ýyldan elektrokarlar ýeňil ulaglaryň satuwynyň ýarysyna eýe bolar.
Häzirlikçe 2020-nji ýylyň jemi boýunça elektromobilleriň bazar paýy bary-ýogy 5 %-e deňdir. Şu ýyl, hünärmenleriň çaklamasy boýunça, bu san satylan 5 milliondan gowrak elektrokara barabar bolan 7 % bellikden geçer. 2020-nji ýyla garanda ösüş 66%-e deň bolar.

şu gün 11:17
982

Hyundai ulaglarynyň salonlarynda antibakterial yşyklandyryş peýda bolar

Hyundai wiruslary we bakteriýalary ýok etmek üçin niýetlenen salonyň ultramelewşe yşyklandyryş ulgamynyň synaglaryny tamamlady. Kompaniýa täze tehnologiýany ýolagçy orunlary köp bolan awtoulaglarda,......

şu gün 10:02
2.1k+

EA hile jogap berip bilmeýär: Ford tejribeli inženerlerini yzyna çagyrmaly boldy

Ford kompaniýasy awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we emeli aň gurallarynyň awtomobilleriň hiline garaşylyşy ýaly gözegçilik edip bilmändigi sebäpli, 350-ä golaý tejribeli inženeri gaýtadan işe aldy....

düýn 15:49
1.7k+

Ford ýylyň başyndan bäri ABŞ-da 11 milliondan gowrak ulagy yzyna çagyrdy

2026-njy ýylyň başyndan bäri «Ford» konserni ABŞ-da jemi 11,27 milliondan gowrak awtoulaga täsir eden 50 sany yzyna çagyryş kampaniýasyny yglan etdi. Bu barada «Motor1» neşiri habar berýär....

düýn 11:32
2.8k+

Hytaýda ýygnalan iň ygtybarly ulaglar kesgitlenildi: RAV4, Golf we Coolray

«J.D. Power» agentliginiň hytaý şahamçasy HHR-iň zawodlarynda ýygnalýan benzinli awtoulaglaryň hiliniň täze reýtingini taýýarlady....