ZTE 200 MP kameraly dünýäde ilkinji smartfony satuwa çykarar

  • 03.02.2021 13:53
  • 9.9k+

Hytaýyň ZTE kompaniýasy ýakyn wagtda güýçli Axon 30 smartfonynyň çykjakdygyny tassyklady. Häzir çeşmeler bu enjamyň tehniki aýratynlyklary barada gyzykly maglumatlary ýaýratdylar. Bu barada 3dnews.ru habar berdi.

Myş-myşlara görä, täze çykaryljak tapgyrda Axon 30-yň adaty wersiýasy we onuň has güýçli modifikasiýasy bolan Axon 30 Pro bolar. Bu enjamlar ekranyň aňyrsynda gizlengi kämilleşdirilen kamera bilen enjamlaşdyrylar diýlip aýdylýar. Şuňa meňzeş selfi modul dizaýnyna eýe bolan ilkinji smartfon ZTE Axon 20 bolupdy.
Ondan öň ZTE-niň mobil bölüminiň prezidenti Ni Fei Axon 30-yň “pudagyň öňdebaryjy kamera ulgamyny” hödürlejekdigini öňe sürüpdi. Täze maglumatlara görä, Axon 30 Pro modeli 200 megapiksel kameraly dünýäde ilkinji smartfon bolup biler.
Bu datçik Samsung tarapyndan işlenip düzülip, ol entek resmi taýdan tanyşdyrylmady. 1/1.37 dýuýmlyk bu önümiň S5KGND koduna eýedigi aýdylýar. “Pixel Binning” režiminde dört ýa-da on alty ýanaşyk piksel bir ýaly hereket eder. Netijede, degişlilikde 50 we 12,5 million piksel durulykda şekiller dörediler.
Şeýle hem Axon 30 smartfonlarynyň “Qualcomm Snapdragon 888” prosessoryna esaslanjakdygy mälimdir.

şu gün 11:11
708

Huawei 8500 mAs batareýaly Nova 15 Max modelini görkezdi

Huawei kompaniýasy resmi taýdan Nova 15 Max smartfonynyň täze suratlaryny paýlaşdy. Bu enjam dünýä bazaryna çykaryljak ilkinji «Max» seriýaly model bolar....

düýn 15:13
1.3k+

Google Translate indi ulanyjylara sözleri dogry aýtmagy öwreder

Google Translate hyzmaty özüniň 20 ýyllygy mynasybetli uly täzelenme hödürledi. Hyzmat indi sözleri dogry aýtmagy öwreder....

30.04.2026 23:55
1.3k+

Google: Kompaniýadaky kodlaryň 75 göterimini emeli aň ýazýar, emma karary inženerler berýär

Google-da täze ýazylýan kodlaryň takmynan 75 göterimi emeli aň gurallarynyň kömegi bilen döredilýär. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Sundar Piçaý «Cloud Next 2026» maslahatyna bagyşlanan blog ýazgyda habar......

30.04.2026 18:53
1.7k+

Sony stol tennisinde hünärmenleri utmaga ukyply roboty döretdi

Sony kompaniýasy hünärmen türgenleriň derejesinde stol tennisini oýnamagy başaran Ace atly robot-manipulýatory tanyşdyrdy. Bu barada kompaniýanyň saýtyndaky metbugat beýanatynda we «Nature» žurnalynda çap......