Türkmenistana «Sputnik V» sanjymynyň ilkinji tapgyrlary geldi

Türkmenistana «Sputnik V» sanjymynyň ilkinji tapgyrlary geldi

Koronawirusa garşy «Sputnik V» rus sanjymynyň ilkinji tapgyrlary Türkmenistana getirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

18-nji ýanwarda Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde bu sanjymy resmi taýdan hasaba alan ilkinji döwlet boldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow  saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine ýokanç kesellere garşy ýokary netijelilik görkezen beýleki sanjymlary hem hasaba almak barada tabşyryklary berdi.
N.Gamaleýa adyndaky milli barlag merkezi tarapyndan işlenip taýýarlanylan «Sputnik V» sanjymy eýýäm on döwletde ykrar edildi. Russiýanyň bu sanjymynyň önümçiligini maliýeleşdirýän Göni maýa goýumlar gaznasynyň maglumatlaryna görä, eýýäm 1,5 milliondan gowrak adama «Sputnik V» sanjymy edildi.