Kerki (Türkmenistan) — Şibergan (Owganystan) elektrik geçiriji ulgamy işe girizildi

  • 15.01.2021 12:05
  • 7.4k+

14-nji ýanwarda Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina-Andhoý beketleriniň aralygynda uzynlygy 30 kilometr bolan demir ýoly açyldy. Dabara teleköpri arkaly  Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň döwlet Baştutanlary gatnaşdy. Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

«Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy A.Atamyradow we Owganystanyň Demir ýol ulaglary edarasynyň ýolbaşçysy Mohammad Ýamma Şams dabara gatnaşyjylara gurluşyk işleri barada aýdyp berdiler.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Akina-Andhoý demir ýolunyň işe girizilmegine ak patalaryny berdiler.    
Bu demir ýol şahamçasynyň açylyşy Türkmenistanyň eksport önümleri ýüklenen 20 wagondan ybarat demir ýol düzümiň Akina bekedinden Andhoý şäherine tarap ugradylmagy bilen dabaralandyryldy. 
Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Owganystanyň Demir ýol ulaglary edarasynyň arasynda Akina-Andhoý demir ýoluny gurmak barada Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň 2019-njy ýylyň fewralynda Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilendigini hem bellemek zerurdyr.

şu gün 09:02
390

Gresiýa ilkinji gezek öz astronawtyny Halkara kosmos stansiýasyna iberer

Gresiýanyň hökümeti Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) ýurduň taryhynda ilkinji dolandyrylýan kosmos missiýasyny taýýarlaýandygyny mälim etdi. Bu uçuş ýakyn iki ýylyň dowamynda amala aşyrylar we ol ýurduň......

düýn 15:48
4.4k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......