Kembrij alymlary SARS-CoV-2 koronawirusynyň gelip çykyşyny anykladylar

  • 12.01.2021 23:31
  • 29k+

Kembrij uniwersitetiniň (Angliýa) gözlegçileri SARS-CoV-2 koronawirusynyň döremegine sebäp bolan esasy genetiki üýtgeşmeleri kesgitlediler. Alymlaryň pikiriçe, ýüze çykarylan uýgunlaşmalar 2003-nji ýylda pnewmoniýanyň ýaýramagyna sebäp bolan SARS-CoV wirusy tarapyndan öndürilene meňzeýär. Bu barada profile.ru habar berýär.

Hünärmenleriň düşündirişi ýaly, hut şu uýgunlaşmalar wirusyň ýarganatlardan adamlara geçmegine mümkinçilik berdi. Wiruslaryň bu toparyny mutasiýa meýilli edýän we täze eýä geçmäge mümkinçilik berýän ýörite mehanizm bar diýlip çaklanylýar.
Gözlegçiler gözlegiň dowamynda geni COVID-19-y döredijiniň genine 96% meňzeş bolan RaTG13 koronawirusyny seljerdiler. Esasy tapawutlar wirusyň adam öýjüklerine ýokaşmagynda esasy rol oýnaýan S-belok ("tiken") bilen baglanyşyklydyr.
RaTG13-de bu belogyň adamyň öýjük reseptorlary bilen netijeli baglanyşyp bilmejekdigi ýüze çykdy, ýöne oňa SARS-CoV-2 belogynyň käbir fermentleri girizilse, baglanyşyk gowulaşýar. Şol bir wagtyň özünde, SARS-CoV-2 ýarganatlaryň öýjük reseptorlary bilen baglanyşmaýar. Gözlegleriň netijeleri PLOS Biology žurnalynda çap edildi.

 

şu gün 00:18
1.2k+

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
2.9k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....