21 ýaşa çenli iň gymmat futbolçylaryň ýygyndysy tanyşdyryldy

21 ýaşa çenli iň gymmat futbolçylaryň ýygyndysy tanyşdyryldy

Transfermarkt futbol portaly resmi Instagram sahypasynda 21 ýaşa çenli iň gymmat futbol oýunçylarynyň simwoliki ýygyndysyny tanyşdyrdy.

Milli ýygynda “Milanyň” derwezebany Janluiji Donnaruma (60 million ýewro), “Çelsiniň” goragçysy Ris Jeýms (35 million ýewro), “Ýuwentusyň” goragçysy Matteýs de Ligt (75 million ýewro), “Interiň” goragçysy Alessandro Bastoni (50 million ýewro), "Bawariýanyň" goragçysy Alfonso Dewis (80 million ýewro), “Renniň” ýarymgoragçysy Eduardo Kamawinža (60 million ýewro), “Mançester Sitiniň” ýarymgoragçysy Filip Foden (60 million ýewro), Madridiň “Atletikosynyň” hüjümçisi Žoau Feliş (100 million ýewro), Dortmundyň "Borussiýasynyň" hüjümçisi Jeýdon Sanço (100 million ýewro), "Barselonanyň" hüjümçi Ansu Fati (80 million ýewro) we Dortmundyň "Borussiýasynyň" hüjümçisi Erling Holland (100 million ýewro) girmegi başardy.