Malaýziýaly oýlap tapyjylar ananasdan dron ýasamagy maksat edinýärler

  • 10.01.2021 07:31
  • 9.7k+

Malaýziýada ýerli oýlap tapyjylar sürüjisiz howa ulaglary bolan dronlar üçin bölekleri ýasamakda ananas ýapraklaryndan peýdalanmagy maksat edinýärler. Bu barada "Iotdaily" neşirine salgylanyp, mir24.tv habar berýär.

Ananasyň ýapragyndan dronuň berk gabarasyny - korpusyny ýasap bolýar. Dronuň gabarasynyň elýeterli, arzan materialdan bolmagy onuň öz bahasyny hem ep-esli arzanladar. Mundan başga-da, bu material ekologiýa taýdan arassadygy bilen hem tapawutlanýar.
Şeýle sürüjisiz howa ulagynyň prototipi, takmynan, bir kilometre çenli beýiklige galmaga ukyply. Şeýle hem onuň uçuşynyň dowamlylygy 20 minuda çenli dowam edip biler.
Oýlap tapyjylar, ananas çig malynyň uçar böleklerini ýasamak üçin hem laýyk gelýändigini subut etmek üçin goşmaça material synaglaryny geçirmekçi bolýarlar diýip, çeşme belleýär.

şu gün 16:44
1k+

Hytaý 2030-njy ýyla çenli 6G aragatnaşyk ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär

Hytaý halkara standartlary tassyklanylandan soň, 2030-njy ýyla çenli altynjy nesil (6G) aragatnaşyk tehnologiýasyny ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu barada Yicai neşiri pudak hünärmenleriniň çaklamalaryna salgylanyp habar berýär...

şu gün 16:16
994

Astronomlar ilkinji gezek magnetaryň döreýşini surata düşürdiler

Astronomlar ilkinji gezek magnetaryň — örän güýçli magnit meýdany bolan neýtron ýyldyzynyň döreýşine tomaşa etdiler. Bu açyş magnetarlaryň aşa ýagty täze ýyldyzlary energiýa bilen üpjün edýändigi baradaky 16 ýyllyk teoriýany tassyklady...

düýn 19:52
2.3k+

Alymlar Gün partlamalaryny onuň sesinden çaklamagy öwrendiler

Birmingem we Ýel uniwersitetleriniň alymlary Güne 40 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda edilen gözegçilikleriň netijesinde toplanan maglumatlary seljerdiler. Olar onuň akustiki titremeleriniň ýyldyzyň içinde bolup geçýän prosesleri öňünden çaklamakda ulanylyp bilinjekdigi baradaky netijä geldiler...

12.03.2026 16:56
6.5k+

Hyundai ýangyn söndürijilere 800°C gyzgynlyga çydamly robotyny gowşurdy

Hyundai Motor Group we Kia kompaniýalary bilelikde täze ýangyn söndüriji roboty işläp düzdüler hem-de 2026-njy ýylyň fewral aýynyň ahyrynda ony Günorta Koreýanyň Milli ýangyn söndüriş gullugyna mugt berdiler. Bu döwrebap enjam ulanmaga berleninden bary-ýogy birnäçe hepde geçensoň, Demirgazyk Çhunçhon welaýatyndaky zawodlaryň birinde dörän hakyky ýangyny söndürmekde ilkinji gezek synagdan geçirildi...