Malaýziýaly oýlap tapyjylar ananasdan dron ýasamagy maksat edinýärler

  • 10.01.2021 07:31
  • 9.8k+

Malaýziýada ýerli oýlap tapyjylar sürüjisiz howa ulaglary bolan dronlar üçin bölekleri ýasamakda ananas ýapraklaryndan peýdalanmagy maksat edinýärler. Bu barada "Iotdaily" neşirine salgylanyp, mir24.tv habar berýär.

Ananasyň ýapragyndan dronuň berk gabarasyny - korpusyny ýasap bolýar. Dronuň gabarasynyň elýeterli, arzan materialdan bolmagy onuň öz bahasyny hem ep-esli arzanladar. Mundan başga-da, bu material ekologiýa taýdan arassadygy bilen hem tapawutlanýar.
Şeýle sürüjisiz howa ulagynyň prototipi, takmynan, bir kilometre çenli beýiklige galmaga ukyply. Şeýle hem onuň uçuşynyň dowamlylygy 20 minuda çenli dowam edip biler.
Oýlap tapyjylar, ananas çig malynyň uçar böleklerini ýasamak üçin hem laýyk gelýändigini subut etmek üçin goşmaça material synaglaryny geçirmekçi bolýarlar diýip, çeşme belleýär.

düýn 12:54
2k+

Grand-Kanýonyň peýda bolmagyny gadymy kölüň daşmagy bilen baglanyşdyrdylar

Alymlar Grand-Kanýonyň emele gelmegi barada täze nazary pikiri hödürlediler: onuň takmynan 6,6 million ýyl mundan ozal gadymy kölüň daşmagy bilen emele gelen bolmagy mümkin. Bu barlagyň netijeleri Science......

düýn 12:14
6.1k+

Ýene birnäçe nesilden soň Marsda ýaşajak adamlaryň keşbi düýpli özgerer

Mars planetasynda uzak wagtlap ýaşamak ynsan anatomiýasyny düýpli üýtgeşmelere sezewar edip biler. Perm politehniki uniwersitetiniň dosenti, alym Wladislaw Nikitin hem bu hakynda özüniň ylmy çaklamalaryny öňe......

24.04.2026 15:00
4.5k+

2027-nji ýyldan ÝB-niň bazarynda batareýasy aýryp-dakylmaýan smartfonlar we planşetler gadagan ediler

2027-nji ýylyň 18-nji fewralyndan Ýewropa Bileleşiginiň bazarynda öndürijileri smartfonlary we planşetleri aýryp-dakylýan batareýalar bilen üpjün etmäge borçlandyrýan täze düzgünler güýje girer. 2023-nji ýylda......

24.04.2026 14:31
2.5k+

Günde X2.5 derejeli güýçli partlama bolup geçdi

Şu gün sagat 06:07-de (Aşgabat wagty bilen) Günde X2.5 derejeli partlama hasaba alyndy. Bu ýagdaý, soňky iki ýarym aýyň dowamyndaky iň güýçli hadysalaryň biridir. Şoňa meňzeş derejedäki partlama (X4.2) iň......