Ýene birnäçe nesilden soň Marsda ýaşajak adamlaryň keşbi düýpli özgerer

  • 25.04.2026 12:14
  • 8.7k+

Mars planetasynda uzak wagtlap ýaşamak ynsan anatomiýasyny düýpli üýtgeşmelere sezewar edip biler. Perm politehniki uniwersitetiniň dosenti, alym Wladislaw Nikitin hem bu hakynda özüniň ylmy çaklamalaryny öňe sürýär.

​Hünärmeniň belleýşine görä, pes grawitasiýa (agyrlyk güýji) we ýokary radiasiýa şertleri sebäpli geljekki marslylaryň boýy 210–230 sm.e çenli ýeter. Pes agyrlyk güýji oňurga basyşyny-da azaldar, bu bolsa süňkleriň has uzalmagyna mümkinçilik berer. Emma bu ýagdaý süňk dokumasynyň dykyzlygyny 2–3 esse kemeldip, ystyhany örän gowşak edip biler.

Marsdaky ýygy-ýygydan bolup durýan tozanly tupanlardan goranmak üçin adamlarda üçünji gabagyň (goraýjy membrana) emele gelmegi mümkin. Burun ýollary kiçeler we olaryň içini hapadan goramak üçin gür tüýjagazlar (filtrler) bilen örtüler.

Pes grawitasiýa şertlerine uýgunlaşmak üçin ýürek we gan aýlanyş ulgamynda hem özgerişlikler bolar.

​Alymlar ilkinji uçarmanly uçuşlaryň geljekki onlarça ýylyň dowamynda boljakdygyny belläp, häzirden bu uzak möhletli netijeleriň nähili boljakdygyny kesgitleýärler. Olaryň çaklaýan biologik uýgunlaşmasy, nesil çalşygyny (her 20–30 ýylda bir nesil) göz öňünde tutanyňda, ýüzlerçe ýyla uzap biler.


08.06.2026 16:17
2.5k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

02.06.2026 12:47
6.1k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
5k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....