Ilon Mask dünýäde iň baý adam boldy

  • 08.01.2021 19:40
  • 38k+

Telekeçi Ilon Mask Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezosdan öňe geçip, dünýäniň iň baý adamy diýen ada eýe boldy. Bu barada CNBC teleýaýlymy habar berýär diýip, lenta.ru belleýär.

Tesla-nyň ýolbaşçysy 185 milliard dollardan gowrak baýlygy bilen dünýäniň iň baý adamyna öwrüldi. Tesla paýnamalarynyň bahasy 7-nji ýanwarda, penşenbe güni Maska 2017-nji ýyldan bäri iň baý adam bolan Bezosdan öňe geçmäge mümkinçilik berdi. Habar ýazylan wagtynda kompaniýanyň gymmatly kagyzlary her paýnama 799,6 dollardan satylýar, kapitallaşdyrmasy bolsa 757,6 milliard dollara barabar.
Soňky ýylyň içinde Maskyň baýlygynyň 150 milliard dollar ýokarlanandygy bellenilýär. Iýul aýynda Mask iň baý adamlaryň reýtinginde Uorren Baffetden öňe geçip, ýedinji orny eýeledi. Noýabr aýynda bolsa ol Bill Geýtsden öňürtiläp, ikinji orny eýeledi.
2020-nji ýylyň tomsunda Amazon kompaniýasyny esaslandyryjynyň baýlygynyň 20-nji iýulda bir günüň içinde 13 milliard dollar ýokarlanandygy habar berildi.

düýn 08:33
3k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.6k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

20.06.2026 09:49
2.3k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....