Türkmenistanda 2021-nji ýylyň ilkinji bäbegi Lebapda dünýä indi

  • 02.01.2021 17:28
  • 48k+

Türkmenistanda Täze, 2021-nji ýylda ilkinji bäbek Lebap welaýatynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde dünýä indi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Oglanjyk täze ýylyň ilkinji sekuntlarynda Saýat etrabyndan Seýitnazarowlaryň maşgalasynda dünýä geldi. Bagtyýar maşgala täze dünýä inen perzentlerine Remezan diýip at goýdular.

«Bu täze ýyl bize bagt getirdi. Maşgalamyzda dördünji perzendimiz — oguljygym Remezan dünýä indi. Merkeziň lukmanlaryna köp sagbolsun aýdýaryn. Olar oglumyň sagdyn dogulmagy üçin elde baryny etdiler» — diýip, täze dünýä inen perzendiň enesi aýtdy.

düýn 20:16
4.8k+

Arheologlar 50-nji ölçegdäki rim aýakgabyny tapdy

Arheologlar Britaniýanyň demirgazygyndaky Nortumberlend graflygynda ýerleşýän Magna rim galasyndaky gazuw-agtaryş işlerinden soň özboluşly tapyndy barada habar berdi. Rimliler tarapyndan zibil ýeri hökmünde ulanylan gorag garymynda 32 jübüt deri aýakgaby tapyldy...

düýn 15:52
7k+

ABŞ-da gulçylygy ýatyrmak baradaky resminama 13,7 mln dollara satyldy: ony milliarder Kennet Griffin satyn aldy

Milliarder Kennet S. Griffin Sotheby’s auksionynda ABŞ-nyň Konstitusiýasyna girizilen 13-nji düzedişiň Awraam Linkoln tarapyndan gol çekilen golýazmasyny satyn aldy. Gul eýeçiligini ýatyran resminama 12 mln dollara satyldy, auksionyň komissiýalary hem goşulanda, geleşigiň umumy mukdary 13,7 mln dollar boldy...

düýn 15:06
868

Apple Watch Ultra 3 hemra aragatnaşygy we 5G goldawy bilen çykar

Apple kompaniýasy Watch Ultra 3 smart-sagadyny 2025-nji ýylyň güýzünde çykarmaga taýynlyk görýär. Bloomberg agentliginiň žurnalisti Mark Gurmanyň habaryna görä, täze model hemra aragatnaşygyny we 5G torlaryny goldar...

düýn 14:52
1.2k+

iOS 26-da ulanyjy uka giden wagty nauşnikler awtomatik ýagdaýda öçer

iOS 26 operasion ulgamynda eger-de ulanyjy aýdym ýa-da islendik bir mazmun diňleýän wagty uklap galsa, AirPods we Beats nauşniklerini awtomatiki usulda öçürýän funksiýa peýda bolar. Bu mümkinçilik ýatmazdan öň aýdym, audiokitap ýa-da podkast diňleýänler üçin peýdalydyr...