Şotlandiýaly alymlar ulanyş möhletiniň dolandygyny habar berýän örtük döretdiler

Şotlandiýaly alymlar ulanyş möhletiniň dolandygyny habar berýän örtük döretdiler

Insignia Technologies kompaniýasynyň şotlandiýaly alymlary eýesine haçan ulanmagy bes etmelidigini habar berýän “akylly” ýüz örtügini döretdiler. Bu barada EVO-RUS.COM portaly ýazýar diýip, science.sm.news habar berýär.

Ýatlap geçsek, koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmeler bilen baglylykda örtükler jemgyýetçilik ýerlerinde möhüm bolup durýar. Muňa garamazdan, örtükleriň täsirli bolmagy üçin olary yzygiderli çalşyp durmaly.
Şeýlelikde, alymlar örtügi ýa-da beýleki şahsy gorag serişdelerini aýyrmagyň wagty gelende reňkini üýtgedýän ýörite etiketka döretdiler. Etiketkalarda kömürturşy gaz bilen täsiriň astynda reňkini üýtgedip bilýän pigmentler we reňkler peýdalanylýar.
Bu etiketkalary bir gezeklik ýa-da köp gezeklik örtüklerde ulanyp bolýandygy bellenilýär. Ilkibaşda indikator sary reňkde bolýar. Onuň täsirliliginiň peselmegi bilen, kem-kemden gök reňke eýe bolýar.
Reňkiň üýtgeme prosesi 4-6 sagat dowam edip biler.