Aşgabat şäherinde ýumşak oýnawaçlary öndürýän kärhana açylar

  • 26.12.2020 18:18
  • 9.2k+

Türkmenistanda çagalar üçin oýnawaçlary öndürýän kärhanany döretmek boýunça işler alnyp barylýar.

Düýn geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer Ç.Gylyjowyň habar bermegine görä, pudaklary döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişiniň mukdaryny köpeltmek, içerki bazary Diýarymyzda öndürilýän daşary ýurtlaryň degişli harytlary bilen üstünlikli bäsleşip bilýän ýokary hilli harytlar bilen doldurmak boýunça hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen degişli işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.
Hususan-da, geçirilýän çäreleriň hatarynda çagalar üçin oýnawaçlary öndürmegi ýola goýmak boýunça işler hem bar.
Habar berlişi ýaly, birinji tapgyrda Aşgabat şäherinde ýumşak oýnawaçlary öndürmek boýunça öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyryljak kärhanany döretmek göz öňünde tutulýar. Şonuň bilen birlikde, dünýä tejribesini öwrenmek hem-de hünärmenleri taýýarlamak boýunça işler dowam eder.

05.01.2026 11:58
2.6k+

Samsung gözüň görejini yzarlaýan 6K Odyssey 3D monitoryny tanyşdyrdy

Göz öňüne getiriň: penjireden seredýärsiňiz, ol ýerde bolsa tutuş bir dünýä bar. Başyňyzy egen wagtyňyz, burçda gizlenip duran zatlary görüp bilýärsiňiz. Samsung kompaniýasy 2027-nji ýylda çykaryljak 32 dýuýmlyk Odyssey 3D flagman oýun monitorynda hut şu duýgulary wada berýär...

05.01.2026 11:50
1.6k+

Asus CES 2026 sergisinde Wi-Fi 8 goldawly ilkinji enjamyny görkezer: standart heniz sertifikatlaşdyrylmady

Asus kompaniýasy, Wi-Fi 8 standartynyň resmi taýdan sertifikatlaşdyrylmagyna heniz iki ýyla golaý wagtyň bardygyna garamazdan, CES 2026 sergisinde bu tehnologiýany goldaýan ilkinji enjamyny tanyşdyrmagy meýilleşdirýär...

05.01.2026 08:32
3.1k+

Ak maýanyň ýolunyň merkezinde Saturn ölçegindäki «sergezdan planeta» tapyldy

Halkara astronomlar topary Ak maýanyň ýolunyň merkezinde, Ýerden takmynan 9,9 müň ýagtylyk ýyly uzaklygynda ilkinji gezek uly «sergezdan planetany» (planet-izgoý) tapdylar. Ol ölçegi boýunça Saturn bilen deňeşdirerlikdir...

04.01.2026 12:12
5.4k+

Science žurnaly 2025-nji ýylyň on sany esasy ylmy üstünligini aýtdy

Abraýly Science ylmy žurnalynyň redaksiýasy 2025-nji ýylda gazanylan möhüm 10 sany ylmy üstünligiň sanawyny düzmek bilen bu ýyly jemledi. 1. Gaýtadan dikeldilýän energetika Bu gezek neşir reýtingiň başynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň – Günüň, ýeliň we gidroenergetikanyň ulanylyşynyň çalt depginde ösüşini ýerleşdirdi...