Aşgabat şäherinde ýumşak oýnawaçlary öndürýän kärhana açylar

  • 26.12.2020 18:18
  • 9.3k+

Türkmenistanda çagalar üçin oýnawaçlary öndürýän kärhanany döretmek boýunça işler alnyp barylýar.

Düýn geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer Ç.Gylyjowyň habar bermegine görä, pudaklary döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişiniň mukdaryny köpeltmek, içerki bazary Diýarymyzda öndürilýän daşary ýurtlaryň degişli harytlary bilen üstünlikli bäsleşip bilýän ýokary hilli harytlar bilen doldurmak boýunça hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen degişli işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.
Hususan-da, geçirilýän çäreleriň hatarynda çagalar üçin oýnawaçlary öndürmegi ýola goýmak boýunça işler hem bar.
Habar berlişi ýaly, birinji tapgyrda Aşgabat şäherinde ýumşak oýnawaçlary öndürmek boýunça öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyryljak kärhanany döretmek göz öňünde tutulýar. Şonuň bilen birlikde, dünýä tejribesini öwrenmek hem-de hünärmenleri taýýarlamak boýunça işler dowam eder.

düýn 12:54
2k+

Grand-Kanýonyň peýda bolmagyny gadymy kölüň daşmagy bilen baglanyşdyrdylar

Alymlar Grand-Kanýonyň emele gelmegi barada täze nazary pikiri hödürlediler: onuň takmynan 6,6 million ýyl mundan ozal gadymy kölüň daşmagy bilen emele gelen bolmagy mümkin. Bu barlagyň netijeleri Science......

düýn 12:14
6.1k+

Ýene birnäçe nesilden soň Marsda ýaşajak adamlaryň keşbi düýpli özgerer

Mars planetasynda uzak wagtlap ýaşamak ynsan anatomiýasyny düýpli üýtgeşmelere sezewar edip biler. Perm politehniki uniwersitetiniň dosenti, alym Wladislaw Nikitin hem bu hakynda özüniň ylmy çaklamalaryny öňe......

24.04.2026 15:00
4.5k+

2027-nji ýyldan ÝB-niň bazarynda batareýasy aýryp-dakylmaýan smartfonlar we planşetler gadagan ediler

2027-nji ýylyň 18-nji fewralyndan Ýewropa Bileleşiginiň bazarynda öndürijileri smartfonlary we planşetleri aýryp-dakylýan batareýalar bilen üpjün etmäge borçlandyrýan täze düzgünler güýje girer. 2023-nji ýylda......

24.04.2026 14:31
2.5k+

Günde X2.5 derejeli güýçli partlama bolup geçdi

Şu gün sagat 06:07-de (Aşgabat wagty bilen) Günde X2.5 derejeli partlama hasaba alyndy. Bu ýagdaý, soňky iki ýarym aýyň dowamyndaky iň güýçli hadysalaryň biridir. Şoňa meňzeş derejedäki partlama (X4.2) iň......