Buýan — ýiti ýokanç kesellerden goranmakda netijeli serişde

  • 25.12.2020 22:40
  • 14k+

Ýakynda tmcars.info-da habar berşimiz ýaly, Germaniýanyň Essen uniwersitet hassahanasynyň  alymlary koronawirusy ýok edýän derman serişdesini taýýarladylar. Bu derman serişdesiniň düzüminde bolsa, buýan köküniň ekstraktynyň bardygy bellenildi. Buýan ynsan saglygy üçin taýsyz melhem. Ylmy çeşmeleriň habar bermegine görä, buýan kökünde glisirrin, flawonoidler, steroidler, efir ýagy, C witamini, şeýle hem krahmal saklanýar. Glisirriziniň mukdary 6%-e golaýlaýar. Onuň süýjüligi şekeriňkiden 40 esse ýokarydyr.

Gippokrat we Galen ýaly gadymyýetiň abraýly lukmanlary bejergi işlerinde buýan köküni giňden ulanypdyrlar. Meşhur Ibn Sina bolsa böwrek kesellerinde, gyzzyrmada we öýken kesellerinde buýan köküni maslahat beripdir.
Türkmenistanda buýan köki gadymy döwürlerden bäri dermanlyk maksady bilen peýdalanylýar. Hünärmenleriň baha bermegine görä, türkmen buýany hili we sarp ediji häsiýetleri boýunça dünýäde iň gowularynyň biri hasaplanylýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda innowasion tehnologiýalaryň esasynda buýan önümleriniň hilini ýokarlandyrmagyň üstünde işleýän “Buýan” agrosenagat toplumy bar. Köküň özi, onuň goýy we gury ekstrakty ýurtda hem-de daşary ýurtlarda uly islege eýedir. Ýurdumyzdaky buýan toplumynyň önümleriniň bir bölegi daşary ýurtlara eksport edilýär, beýleki bölegi bolsa «Saglyk» derman kärhanasynda ýokumly şirelere we melhemlik çaýlara öwrülýär. Aşgazan-içege, dem alyş ýollary, öýken we deri keselleriniň bire-bir emi bolan buýan kökünden taýýarlanan melhemlikler ýurdumyzyň dermanhanalarynda elýeterli bahadan ilata hödürlenilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda buýan köküniň peýdalanylyşy, ondan melhemlikleriň taýýarlanylyşy barada maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris.

Peýdalanylyşy
Buýan köki ylmy hem-de halk lukmançylygynda içdäki ýaraly keselleriň, üsgülewügiň, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň, onkibarmak içegäniň sökelliklerinde sürgi hökmünde ir döwürlerden bäri ulanylyp gelinýär.
Ösümligiň dermanlyk köküni dürli garyndylaryňdyr çaýlaryň düzümine goşýarlar. Buýandan ýasalan kükrek eleksiri gägirdiji serişde hökmünde peýdalanylýar. Glisiramyň demgysmada, allergiýada, demrewde haýry kän.
Hytaýda buýan gadym zamanlardan bäri belli. Bu ýerde ony garratmaýan serişde hökmünde peýdalanypdyrlar. Orta asyrlardaky lukmançylyk edebiýatlarynyň hemmesinde diýen ýaly buýan hakda köp maglumat berilýär. Buýanyň kökünden alnan toşaby meşhur gägirdiji serişde hökmünde ulanypdyrlar.
Buýan iýmit, konditer, reňk senagatynda, dürli içgileri taýýarlamakda giňden ulanylýar.

Derman taýýarlanylyşy hem ulanylyşy:
Owradylan buýanyň bir nahar çemçesiniň (15 g) üstüne ýarym litr (500 ml) suw guýup, pessaý otda 10 minut gaýnatmaly. Taýýar bolan peti hasa bilen süzüp, 5 çaý çemçesinden (25 g) her gezek nahardan öň içmeli.
Owradylan köküň bir nahar çemçesiniň (15 g) üstüne bir bulgur (200 ml) gaýnag suw guýup, haýal ýanýan otda 15-20 minut gaýnatmaly. Emele gelen peti her gün bir nahar çemçesinden (15 g) 4-5 gezek içmeli.

Buýan köki garylan «kükrek çaýynyň» taýýarlanylyşy.
Munuň üçin bir nahar çemçesi mukdaryndaky garyndynyň 3 bölegini atgulagyň ýapragy, 3 bölegini, buýanyň köki we 4 bölegini dürotunyň ýapragy tutmaly. Garyndy taýýar bolansoň, üstüne iki bulgur (400 ml) gaýnag suw guýup, 20 minut goýmaly. Taýýar çaýy ýyly mahaly 1-2 bulgurdan (200-400 ml) içmeli.

düýn 20:12
3.6k+

Welomenziller Aşgabat we Arkadag şäherlerinden başlap, ähli welaýatlara uzady

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri diňe bir Aşgabatda däl, eýsem Arkadag şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda geçirildi....

düýn 14:53
1.6k+

Türkiýe düwnük keseline garşy dermanyň ilkinji synaglaryny üstünlikli tamamlady

Türkiýäniň saglygy saklaýyş ministri Kemal Memişoglynyň habar bermegine görä, ýurduň özünde taýýarlanan rak keseline garşy ilkinji derman kliniki synaglaryň birinji tapgyrynda örän gowy netijeleri görkezdi....

08.04.2026 07:19
7.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Döwlet Baştutany......

04.04.2026 15:19
7k+

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçiriler

11-nji aprelde Aşgabatda Ýewropa gününe bagyşlanyp, dürli aralyklara köpçülikleýin inklýuziw ylgaw ýaryşy geçiriler....