Messi karýerasynda 7-nji gezek La Liganyň iň köp gol geçiren oýunçysy boldy

  • 22.12.2020 20:37
  • 7.8k+

"Barselonanyň" hüjümçisi Lionel Messi duşenbe güni her ýyl "Marca" neşiri tarapyndan möwsümiň iň köp pökgi geçiren oýunçysyna gowşurylýan “Piçiçi” kubogyny aldy. Bu barada sport24.ru habar berýär.

33 ýaşly argentinaly oýunçynyň bu kubogy aljakdygy eýýäm iýul aýynyň ahyrynda mälim bolupdy. 2019/20 möwsüminde ol 33 oýunda 25 gezek garşydaşlaryň derwezesine gol geçirdi.
Hüjümçi “Piçiçi” kubogyny karýerasynda 7-nji gezek alýar. Ol mundan ozal bu baýraga 2010, 2012, 2013, 2017, 2018 we 2019-njy ýyllarda mynasyp bolupdy.
Ýeri gelende bellesek, baýrak Bilbaonyň "Atletik" klubunyň “Piçiçi” lakamly oýunçysy Rafael Moreno Aransandiniň adyny göterýär.

“Ýene bir gezek minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Bu baýragy ýedinji gezek alýanyma buýsanýaryn. Sarranyň gazananlaryndan öňe geçmek meniň üçin köp zady aňladýar"-diýip, Messi "Barselonanyň" Twitter hasabynda çap edilen wideoda aýdýar.

Messi "Piçiçi" kuboklaryny gazanmagyň sany boýunça rekord eýesi bolup durýar. Ikinji ýerde baýraga alty gezek eýe bolan Telmo Sarra ýerleşýär. Ugo Sançes, Alfredo Di Stefano we Kini - bularyň hersi bäş gezek baýragy aldy. Ferens Puşkaş kuboga dört, Kriştianu Ronaldu bolsa üç gezek bu baýraga mynasyp boldy.

şu gün 00:00
2.1k+

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Finlýandiýanyň milli ýygyndysy hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygynda Şweýsariýanyň toparyny utdy. Ýaryş Sýurih şäherinde geçirildi. Ýeňijileriň düzüminde ýeke-täk goluň awtory goşmaça wagtda......

düýn 19:46
5.8k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....

düýn 19:25
4.2k+

Arda Güler Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň «açyşy» diýlip yglan edildi

«Realyň» ýarymgoragçysy Arda Güler UEFA-nyň tehniki synçylarynyň baha bermegi boýunça UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Möwsümiň açyşy» diýlip yglan edildi....

düýn 19:24
2.1k+

Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysy boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparynyň we Gruziýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysyna berilýän baýragyň eýesi boldy. Bu barada Ýewropanyň Futbol......