Balkan welaýatynda täze howa menzili gurlar

  • 21.12.2020 15:28
  • 22k+

Täze howa menzili Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň dolandyryş merkeziniň golaýynda ýerleşýän Jebel şäherçesinde gurlar. Onuň gurluşygy üçin Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan halkara bäsleşik yglan edildi. Bu barada ORIENT habar berýär.

Ondan öň, ýurdumyzyň deňizýaka sebitinde Hazaryň kenaryndaky "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndan uzak bolmadyk ýerde — Türkmenbaşy şäherinde döwrebap halkara howa menzili guruldy.
Belläp geçsek, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürmek boýunça gazhimiýa toplumy we ş.m. ýaly ýurdumyzyň nebit we gazy gaýtadan işleýän iň uly kärhanalary Balkan welaýatynda ýerleşýär.

Sebitde senagatyň intensiw ösmegi ulag infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagyny talap edýär. Şonuň üçin täze howa menziliniň gurluşygy sebitiň durmuş-ykdysady ösüşiniň güýçlenmegine möhüm goşant bolar.

düýn 18:56
3.5k+

Nýu-Ýorkda drona garşy täze Iron Drone Raider tehnologiýasy döredildi

Nýu-Ýorkuň şäher polisiýa bölümi American Robotics kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Iron Drone Raider atly täze drona garşy ulgamy ornaşdyrmaga taýýarlanýar. Ulgam howplary kesgitlemek üçin gijeki görüş kameralary we emeli aň algoritmleri bilen enjamlaşdyrylan awtonom tutujy-dronlary ulanýar diýip, Interesting Engineering habar berýär...

düýn 18:48
2.2k+

Gün ulgamynda täze ýyldyzara obýekt peýda boldy – bu gözegçiligiň taryhynda üçünji

Astronomlar Gün ulgamyndan uçup geçýän “ýyldyzara obýekt” bolup çykan täze kometanyň üstüni açdy. Bu gözegçiligiň taryhynda şular ýaly üçünji asman jisimi boldy diýip, Ars Technica ýazýar. 3I/ATLAS (A11pl3Z) adyny alan kometa, takmynan, dört aýdan Güne golaý geler, şondan soň Gün ulgamyny hemişelik terk eder...

düýn 18:46
1.3k+

“Lilo we Stiç” “Minecraft-dan” öňe geçip, ýylyň iň girdejili golliwud filmi boldy

“Lilo we Stiç” remeýki bütin dünýäde 957,6 mln dollar ýygnap, 2025-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan golliwud filmi boldy. Ol “Minecraft kinoda” filminden öňe geçdi diýip, Deadline habar berýär. Film eýýäm altynjy hepde prokatda bolup, 1 mlrd dollar görkezijisine golaýlaýar...

düýn 18:39
657

82-nji Wenesiýa kinofestiwaly Paolo Sorrentinonyň filmi bilen açylar

Italiýaly režissýor Paolo Sorrentinonyň “Merhemet” (Благодать/La Grazia) dramasy 82-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalyny açar. Film esasy bäsleşige goşuldy diýlip, kinofestiwalyň saýtynda habar berilýär. Filmiň sýužeti Italiýada ýaýbaňlanýar we söýgi hekaýatyna bagyşlanýar...