2020-nji ýylyň esasy ylmy açyşy yglan edildi

  • 18.12.2020 23:20
  • 22k+

"Science" žurnaly COVID-19-a garşy sanjymy 2020-nji ýylyň esasy ylmy açyşy diýip atlandyrdy.

Amerikan neşiriniň bellemegine görä, derman serişdeleri dünýäniň dürli ýurtlarynda "rekord derejedäki tizlik bilen işlenip düzüldi we synag edildi". Žurnal derman serişdelerini döretmek boýunça edilen adatdan daşary tagallalary belläp geçdi.

"Güýçleriň birleşmegi ylmy noldan başlap, güýçli tizlikde COVID-19 sanjymyna getirdi. Barlagçylar hiç haçan şol bir garşydaşa garşy synag sanjymlaryny beýle çalt işläp taýýarlamandylar. Hiç haçan munça bäsdeş beýle aç-açan we ýygy-ýygydan hyzmatdaşlyk etmändi. Hiç mahal beýle köp dalaşgär uly göwrümli netijelilik synaglaryna birbada girişmändi. Şeýle hem, beýle gysga wagtyň içinde hökümetler, senagat, ylmy jemgyýetçilik we telekeçilik däl guramalar şol bir ýokanç kesel üçin beýle köp pul, güýç we akyl serişdesini ulanmandylar"-diýip, neşirde aýdylýar.

Şeýle-de bolsa, materialyň awtory sanjymlaryň dozalarynyň sany, hatda dünýäniň iň baý ýurtlary üçinem iň bolmanda bahara çenli ýeterlik bolmaz diýen pikiri öňe sürdi.
Neşir derman serişdelerine bolan şübheleriň, önümçilik meseleleriniň we üpjünçilik zynjyrynyň kesilmeginiň ählumumy sanjymlaryň geçirilmegine päsgel berip biljekdigini belläp geçdi. Şeýle hem, meseleler koronawirus ýokançlygynyň mutasiýasy sebäpli ýüze çykyp biler diýlip, makalada aýdylýar.

düýn 11:16
2.2k+

Gazagystanly talyplar mars rowerini döretdiler

​Nazarbaýew Uniwersitetiniň talyplary nätanyş ýerleri öwrenmäge, resurslary gözlemäge we GPS ulgamy bolmazdan adatdan daşary kyn şertlerde özbaşdak ugur kesgitlemäge ukyply mars rowerini (marsohod) işläp......

17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

17.06.2026 10:34
1.9k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

15.06.2026 15:12
2.7k+

Otto Aerospace näme üçin ýolagçy penjiresiz uçar döredýär?

ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy dolanyşygy Otto Aerospace kompaniýasynyň üýtgeşik «Phantom 3500» biznes-jeti üçin güwänama talaplaryny kesgitledi. Uçaryň ýolagçylar üçin adaty penjireleri bolmaz. Deregine......