Türkmenistanyň medeniýet edaralarynyň birnäçesine ýolbaşçylar bellenildi

  • 17.12.2020 09:01
  • 10k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Arslan Sylapberdiýewiç Eýeberdiýew Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň başlygy wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ismail Jumamyradowiç Orazow Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Nurberdi Altyýewiç Hojaýew Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesine bellenip, ol Türkmen döwlet gurjak teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Söhbet Orazgeldiýewiç Serbazow A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Orazmeňli Hojadurdyýewiç Igdirow Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Şöhrat Dädebaýewiç Şallyýew Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesine bellenildi.

şu gün 00:03
1k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
935

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
457

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
904

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......