“Barselona” ÇL-iň 1/8 finalynda “PSŽ”, “Atalanta” “Real” bilen oýnar

“Barselona” ÇL-iň 1/8 finalynda “PSŽ”, “Atalanta” “Real” bilen oýnar

Şweýsariýanyň Nýon şäherinde Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bije atyşygy geçirildi. Dortmundyň “Borussiýasynyň” we Şweýsariýanyň milli ýygyndysynyň eks-hüjümçisi Stefan Şapýuiza dabaranyň ýörite myhmany boldy.

Bije atyşykdan öň toparlar güýçli we gowşak toparlara bölündiler. Güýçli toparlar – öz toparynda birinji orunlary eýelän klublar, gowşak toparlar – toparlaýyn tapgyrda ikinji orunlary eýelän toparlar.
1/8 finalyň bije atyşygynyň doly netijesi şeýle görnüşde:
“Bawariýa” (Mýunhen, Germaniýa) – “Lasio” (Rim, Italiýa);
“Real” (Madrid, Ispaniýa) – “Atalanta” (Bergamo, Italiýa);
“Mançester Siti” (Mançester, Angliýa) – “Borussiýa” (Menhengladbah, Germaniýa);
“Liwerpul” (Liwerpul, Angliýa) – “Leýpsig” (Leýpsig, Germaniýa);
“Çelsi” (London, Angliýa) – “Atletiko” (Madrid, Ispaniýa);
“Borussiýa” (Dortmund, Germaniýa) – “Sewilýa” (Sewilýa, Ispaniýa);
“Ýuwentus” (Turin, Italiýa) – “Portu” (Portu, Portugaliýa);
“PSŽ” (Pariž, Fransiýa) – “Barselona” (Barselona, Ispaniýa).
1/8 finalyň ilkinji oýunlary 16, 17, 23 we 24-nji fewrala, jogap oýunlary 9, 10, 16 we 17-nji marta meýilleşdirilen.