Alymlar iň kiçi ýatda saklaýjy enjamy döretdiler

  • 25.11.2020 22:40
  • 6k+

Molibden disulfidiniň esasynda amerikan alymlary bir atom galyňlygyndaky ýatda saklaýjy enjamy döretdiler. Şeýle saklaýjyda maglumat ýazgysynyň sygymy häzirki zaman fleş disklerinden, takmynan, 100 esse uludyr. Enjam hakynda gürrüň berýän makala “Nature Nanotechnology” ylmy žurnalynda çap edildi.

Täze enjam memristor bolup durýar — alymlar üstünden geçýän elektrik zarýadyna baglylykda garşylygyny üýtgedýän ýat elementlerini şeýle atlandyrýarlar.
Tranzistorlaryň ornuny tutup bilýändikleri üçin memristorlar özlerinde zarýady "saklap" bilerler. Özi-de memristorlar häzirki zaman fleş göterijilerinden has çalt işleýärler.
Ozal galyňlygy atomyň ululygyna ýakyn bolan gaty inçe materiallaryň ýat saklap bilmejekdigi tekrarlanylýardy. Şeýle-de bolsa, Ostindäki (ABŞ) Tehas uniwersitetinden Deji Akinwandeniň ýolbaşçylygyndaky alymlar toparynyň geçiren synaglary munuň beýle däldigini görkezdi.

29.06.2025 12:54
3.4k+

Singapurly alymlar "derleýän" boýag döretdiler. Ol salkyn howany saklap galýar

Singapurly alymlar yssy we çygly howa şertlerinde kondisioner üçin energiýa sarp edilişini ep-esli azaldyp bilýän innowasion ak reňkli boýag döretdiler diýip, New Atlas neşiri ýazýar. Täze boýag "derleýär" – ýagny, nemi özünde saklap, gyzanda ony buglandyrýar...

26.06.2025 17:39
5.4k+

Barlaglara görä, emeli aňlar ýalan sözlemäge we manipulýasiýa etmäge hem ukyply

Uly dil modellerini (LLM) döredijiler heniz hem emeli aňyň jogaby nädip döredýändigine doly düşünmeýärler diýip, täze barlaglara salgylanýan Financial Times ýazýar. Anthropic, Google, OpenAI we xAI laboratoriýalarynda jogaplar döredilende AI-niň pikirleniş ädimini yzarlamaga mümkinçilik berýän “pikirler zynjyry” usuly ulanylýar...

22.06.2025 18:06
7.1k+

Neuralink-iň çibi oturdylan meýletinçi bir hepdede pikiriň güýji bilen wideo oýun oýnamagy öwrendi

ABŞ-nyň Aýdaho ştatynyň ýaşaýjysy Rob Greýner Neuralink kompaniýasynyň neýroçibi oturdylan altynjy meýletinçi boldy. 2022-nji ýylyň dekabryndaky awtoulag heläkçiliginden soň ysmaz bolan erkek adam indi ekrandaky kursory elleriniň kömegi bolmazdan, diňe pikir güýji arkaly dolandyryp bilýär...

17.06.2025 19:26
2.8k+

Hytaýda ysmaz keselli adama beýni implanty üstünlikli oturdyldy

ABŞ ysmaz adamlara pikiriň güýji bilen kompýuteri dolandyrmaga mümkinçilik berýän beýni implantlaryny işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan ýeke-täk ýurt däl. Bu ugurda Ilon Maskyň Neuralink startapy öňdebaryjy hasaplanýar, ýöne ýakynda Hytaý hem öz neýroimplantynyň kliniki synaglaryny üstünlikli tamamlady...