Germaniýa wodorod otlularyny işe girizmegi meýilleşdirýär

  • 25.11.2020 16:42
  • 4.8k+

Germaniýanyň Deutsche Bahn demir ýol kompaniýasy we Siemens Mobility konserni wodorod bilen ýöreýän “Mireo Plus H” otlusyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada holdingleriň maglumatlaryna salgylanyp, cursorinfo.co.il habar berýär.

Elektrik bilen işleýän otlulardan pes bolmazlygy üçin bu demir ýol ulagy wodorod hereketlendirijisini alar. Ol sagatda 160 km tizlik bilen hereket edip, 600 km aralygy geçip biler.
Häzir Deutsche Bahn otlyny 15 minutda doldurmaga ukyply stansiýany döretmek bilen meşgullanýar. Wodorody Tübingen şäherinde öndürmek, tehniki hyzmat ussahanasyny bolsa Ulmda gurmak meýilleşdirilýär.
Şereketler synaglara 2024-nji ýylda başlamagy meýilleşdirýärler. Synaglar Baden-Württembergde bir ýyl dowam eder. Federal ulag we sanly infrastruktura ministrliginiň bu taslamany maliýeleşdirmäge taýyndygy aýdylýar.
“Doýçe Ban” 30 ýyldan klimat taýdan bitarap kompaniýa bolmak isleýär. Munuň üçin ol 1300 dizel hereketlendirijisini çalyşmaly bolar.

düýn 20:56
569

Axiom Space kompaniýasy Aý skafandrynyň ilkinji uçuş synagynyň senesini yglan etdi

Axiom Space kompaniýasy Aýa gonulanda geýilmeli AxEMU skafandrynyň ilkinji uçuş synagyny 2027-nji ýylda Halkara Kosmos Stansiýasynda ýa-da Artemis III missiýasynyň çäginde geçirmegi meýilleşdirýär....

düýn 15:25
3k+

Berlinde 13 ýaşly mekdep okuwçysy 2300 ýyllyk gadymy teňňäni tapdy

13 ýaşly mekdep okuwçysy Berliniň golaýyndaky meýdançadan ellinizm döwrüne degişli, takmynan 2300 ýyllyk bürünç teňňäni tapdy. Bu barada Germaniýanyň Bild gazeti habar berýär....

düýn 12:03
1.8k+

Lirid meteor akymy 22-nji aprelde iň ýokary derejä çykar

22-nji aprelde daňdan Ýer “Tetçer” kometasynyň bölekleriniň arasyndan geçer, bu bolsa her ýylky Lirid meteor akymynyň iň ýokary derejesini alamatlandyrýar diýip, Amerikan meteor jemgyýeti habar berýär....

16.04.2026 20:52
2.3k+

Astronomlar emele gelýän ýyldyzyň töwereginde adaty bolmadyk gyzgyn halkany tapdylar

Ýapon alymlarynyň topary ALMA teleskopynyň kömegi bilen Öküzçe molekulýar buludynda (MC 27/L1521F) protoýyldyzyň töwereginde uly gaz halkasyny tapdylar diýip, Astrophysical Journal Letters neşiri habar berýär....